Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary “Borussiýa Dortmund” toparynyň iňlis “wingeri” futbolçysy Jeýdon Sançony transfer edendigini habar berdi. Bu habary “Borussiýa Dortmund” topary-da tassyklady. Şeýlelikde, Jeýdon Sanço täze möwsümden başlap “Mançester Ýunaýtedde” oýnar. Iňlis kluby 21 ýaşly Sanço üçin 85 million ýewro tölär. Goşmaçalar hasaplanyňda, ýene-de 10 million ýewronyň hem goşulmagy mümkin. Transferiň öňümizdäki günlerde resmi ýagdaýda-da habar berilmegine garaşylýar. Sançonyň mankunianlar bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşmagyna garaşylýar. Sanço “Ýunaýtediň” taryhyndaky iň gymmat 3-nji transfer bolup, ondan öňde Pol Pogba (105 million ýewro), Harri Maguaýr (87 million ýewro) ikisi bar.

Sanço 2017-nji ýylda “Mançester Sitiden” “Borussiýa Dortmunda” 8 million funt sterlinge transfer bolupdy. Ol dortmundlylaryň düzüminde 137 oýunda 50 gol geçirdi. Sanço milli toparda 20 duşuşykda meýdança çykdy.