Pekinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 100 ýyllygy paýtagt Pekiniň merkezindäki Týananmen meýdanynda dabaraly bellenip, oňa takmynan 70 müň adam gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary Si Szinpin, Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygynda halkyň garyplygy ýok edip, ortaça abadançylyk jemgyýetini gurandygyny we Hytaýyň kynçylyk çeken döwrüniň geçmişde galandygyny aýtdy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasy dünýädäki iň uly syýasy güýçleriň biri hasaplanýar. Onuň 100 ýyllygy 100 top zalpy bilen garşylandy, Týananmen meýdanynyň üstünden uçup geçen uçarlar we dikuçarlar asmanda 100-lik belgini şekillendirdiler.

“Asman köşgi” diýmegi aňladýan Hytaýyň “Tiangong” kosmos stansiýasyndan 17-nji iýunda Ýeriň orbitasyna çykan hytaýly kosmonawtlar hem watandaşlaryny gutladylar.