Ýewropa çempionatynda çärýek finalyň galan 2 oýny-da şu gün oýnalar. Günüň ilkinji oýny Çehiýa bilen Daniýanyň arasynda bolar. Azerbaýjanyň paýtagty Bakudaky Olimpiýa stadionynda oýnaljak duşuşyk 21:00-da başlap, oňa niderland Býorn Kuipers eminlik eder. Iki topar mundan ozal Çehoslowakiýany-da hasaba alanyňda 26 gezek gabatlaşdylar. Çehoslowakiýa döwründe Daniýa ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmändi. Diňe 2 oýunda ýeňiş gazanan Daniýanyň ýygyndysy Çehiýa bolanyndan soň, ýeňmegi başardy. Umumylykda Çehler 12 oýunda ýeňiş gazandy. Iki toparyň arasyndaky 12 oýun deňlikde tamamlandy.

Günüň 2-nji duşuşygy Ukraina bilen Angliýanyň arasynda bolar. 00:00-da başlanjak oýun Italiýanyň paýtagty Rimdäki Olimpiýa stadionynda geçiriler. Oýna germaniýaly Feliks Bryh eminlik eder. Bu iki toparyň özara 9-njy oýny bolar. Öňki 8 oýunda iňlisler 4, ukrainler 1 gezek (2010 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda) ýeňiş gazandy. 3 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

Şeýlelikde, bu duşuşyklardan soň ýarym finalyň ähli wekilleri-de belli bolar. Bu iki duşuşygyň ýeňijisi ýarym finalda özara duşuşarlar. Ýarym final duşuşyklary hem-de final oýny 6-7-nji iýulda we 11-nji iýulda Wembley-de oýnalar.