Ýewropa çempionatyna iň köp oýunçy iberen iki toparyň biri “Çelsi” kluby täsin hasabaty başdan geçiýär. Ýarym finaldaky 4 ýygyndyda hem çelsili futbolçylar çykyş edýär. Italiýanyň düzüminde Žoržinio bilen Emerson, Ispaniýanyň düzüminde Sezar Azpilikueta, Daniýanyň ýygyndysynda-da Andreas Kristensen toparlarynyň ýarym finala çenli gelmeginde esasy roly oýnadylar. Iňlis kluby bolan “Çelsiniň” ýerli futbolçylaryndan Ben Çilwell, Ris Jeýms, Meýson Maunt dagy hem Angliýanyň düzüminde çykyş etdiler. Eger-de kubogy haýsy ýygyndy alan ýagdaýynda “çelsili” futbolçylar bir ýylyň dowamynda hem Çempionlar ligasynda, hemem Ýewropa çempionatynda çempionlyk gazanan oýunçylaryň hataryna goşular. Mundan öň 12 futbolça şeýle goşa üstünlik gazanmak miýesser edipdi we şolaryň arasynda Fernando Torres, Huan Mata ýaly “çelsili” futbolçylar hem bar.