Dün­ýä­niň iň köp aw­tou­lag ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Toyo­ta» her ýyl­da 9-10 mil­li­on ulag ön­dür­ýär. Ýa­pon bren­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­rin­ji we ikin­ji or­ny ge­zek­li-ge­ze­gi­ne di­ýen ýa­ly paý­laş­ýar. Kä­bir aw­tou­lag brend­le­ri di­ňe bel­li bir se­bit­de has köp sa­tyl­ýan bol­sa, «Toyo­ta» ula­gy­nyň gö­ze il­me­ýän ýur­dy ýok di­ýen ýa­ly. Eý­sem, bu kom­pa­ni­ýa ha­çan esas­lan­dy­ryl­dy­ka?! Il­ki haý­sy ha­ry­dyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­du­ka?! Ge­liň, aw­tou­lag bren­di­niň ta­ry­hy­na gys­ga­ça göz aý­la­lyň!
«Toyo­da Au­to­ma­tic Lo­om Works» kär­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Sa­ki­çi To­ýo­da 1924-nji ýyl­da «To­yo­da Mo­del G» at­ly aw­to­ma­tik ti­kin ma­şy­ny­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ýar. Şol dö­wür­de Ýa­po­ni­ýa­nyň da­şar­ky söw­da­syn­da ýü­pek uly orun eýe­läp­dir. Ýü­pek önüm­çi­li­gi ýurt­da iň gir­de­ji­li pu­dak bo­lup, ýüp­lük egir­ýän, do­ka­ýan ma­şyn­lar da­şa­ry ýurt­lar­dan, esa­san, Ang­li­ýa­dan ge­ti­ri­lip­dir. Ýü­pek do­ka­ýan ma­şy­ny ön­dür­mek üçin köp wagtlap kel­le dö­wen Toýo­da 1897-nji ýyl­da öz ýa­san il­kin­ji ti­kin ma­şy­ny­nyň pa­ten­ti­ni alyp­dyr. Ne­ti­je­de, işe­wür el­ýe­ter ba­ha­ly ti­kin ma­şyn­la­ry­ny köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­rip baş­la­ýar. Soň­lu­gy bi­len öz ha­ryt­la­ry­ny Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na hem eks­port edip­dir. Sa­ki­çi To­ýo­da bu baş­lan­gy­jy bi­len öz ýur­du­nyň önüm­le­ri­niň Ýew­ro­pa­nyň önüm­le­ri bi­len di­ňe bir bäs­leş­me­gi däl-de, eý­sem, olar­dan ozup hem bil­je­gi­ni su­but edip­dir. 1929-njy ýyl­da Sa­ki­çi To­ýo­da ti­kin ma­şy­ny­nyň pa­ten­ti­ni «Platt Brot­hers» at­ly iň­lis kom­pa­ni­ýa­sy­na 100 müň funt ster­lin­ge sa­typ, şol pu­la hem aw­to­mo­bil ön­dür­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär. Aw­tou­lag kär­ha­na­sy­ gur­lan hem bol­sa, ol il­kin­ji aw­to­mo­bi­li­ni gör­mä­ge ýe­tiş­män­dir. 1933-nji ýyl­da il­kin­ji aw­to­mo­bi­li («Mo­del A1») kon­we­ýer­den çy­kan­da, ol aradan çykypdyr. On­dan soň­ra kom­pa­ni­ýa og­ly Kii­çi­ro To­ýo­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Gys­ga wagt­da «Toyo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä bel­li aw­to­mo­bil bren­di­ne öw­rül­ýär. Şol dö­wür­de ABŞ-nyň öň­de­ba­ry­jy «Ge­ne­ral Mo­tors» we «Ford» aw­to­mo­bil ön­dü­ri­ji­le­ri dün­ýä­de iň meş­hur brend­ler bolupdyr. Ki­içi­ro To­ýo­da 1937-nji ýyl­da «Toyo­ta Mo­tor Com­pa­ny Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dyr­ýar. Uzak wagt geç­män­kä ýur­duň hö­kü­me­ti 3 müň sa­ny ýük aw­to­mo­bi­li­ni sar­gyt ed­ýär. Bu sar­gyt kär­ha­na üçin uly gol­daw bo­lup­dyr. 1937-nji ýyl­da ön­dü­ri­lip baş­la­nan AA mo­de­li kom­pa­ni­ýa­nyň iň meş­hur mo­del­le­ri­niň bi­ri öw­rülýär. Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa yk­dy­sa­dy taý­dan kyn­çy­lyk çek­ýär. Şol ýag­daý­da Ki­içi­ro To­ýo­da öz ýe­ri­ne Ta­ýi­ti Ono at­ly dos­tu­ny bel­le­ýär. Ol ugur­ta­py­jy bo­lup­dyr. Ta­ýi­ti mar­ket­ler­de müş­de­ri­le­riň sa­tyn al­ýan ha­ryt­la­ry­na üns be­rip­dir. Ne­ti­je­de, adam­la­ryň ge­rek­li za­dyny di­ňe ze­rur wag­ty al­ýan­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir. Bu bol­sa oňa kär­ha­na­nyň ýö­rel­ge­si­ni kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip­dir – «wag­tyn­da we ýe­rin­de». Bu şy­ga­ra esas­la­nan Ta­ýi­ti kom­pa­ni­ýa­nyň iş­çi­le­ri­niň sa­ny­ny azal­dyp, önü­mi we iş­çi güý­jü­ni tyg­şyt­la­ma­ga üns be­rip­dir. Kom­pa­ni­ýa hiç wagt has köp ma­şyn ön­dü­rip, ony am­mar­lar­da ba­syp goý­man­dyr. Hat­da beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar ýa­ly am­mar hem gur­man, «Tyg­şyt­ly önüm­çi­lik» ýö­rel­ge­si­ni do­wam et­dir­ýär. 1951-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa ýol­suz ýer­de ýö­re­ýän «Land Crui­ser» mo­de­li­ni ön­dür­ýär. 1957-nji ýyl­da ön­dü­ri­len «Crown» mo­de­li ame­ri­kan ba­za­ry­na sa­tyl­ýar. Şon­dan soňra «Toyo­ta» gys­ga döw­rüň için­de bü­tin dün­ýä­de ta­nal­ma­ga baş­la­ýar. Ame­ri­kan aw­to­kon­sern­le­ri il­ki­ba­da «Toyo­ta» kän bir üns ber­män­dir­ler. 1973-nji ýy­la çen­li «Toyo­ta» ABŞ-nyň ba­za­ryn­da 327 müň aw­to­mo­bi­l sa­týar. Şon­dan soň­ra amerikan kär­ha­na­la­ry «Toyo­ta»-nyň esa­sy bäs­deş­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­ler. «Toyo­ta» ulag­la­ry yk­jam­ly­gy, yg­ty­bar­ly­ly­gy we ar­zan ba­ha­sy bi­len müş­de­ri­le­riň göw­nün­den tur­ýar. «Toyo­ta» 60-njy ýyl­la­ryň ba­şyn­da Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da özü­niň «Pub­lica» mo­de­li bi­len ta­na­lyp baş­la­ýar. Bu ulag ýan­gyç tyg­şyt­ly­ly­gy we ba­ha­sy­nyň el­ýe­ter­li­ligi bi­len gün­ba­tar­ly­la­ryň iň ha­la­ýan ulag­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­ýär. 1966-njy ýyl­da «Corol­la»-nyň il­kin­ji nus­ga­sy­ny ta­nyş­dyran «Toyo­ta» şol ýyl «Hi­no», 1967-nji ýyl­da «Dai­hat­su» aw­to­mo­bil kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ýar. 1972-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa 10 mil­lio­nyn­jy aw­to­mo­bi­li­ni ön­dür­ýär. 1978-nji ýyl­da hem il­kin­ji öň­den­çe­kiş­li aw­to­mo­bi­li­ni – «Tercel»-i ön­dü­rip baş­la­ýar.
Kom­pa­ni­ýa 1976-njy ýyl­da 20 mil­li­on, 1980-nji ýyl­da 30 mil­li­on, 1986-njy ýyl­da 50 mil­lion we 1999-njy ýy­la çen­li bol­sa 100 mil­li­on aw­to­mo­bil ön­dür­ýär. 1982-nji ýyl­da meş­hur «Cam­ry» mo­de­li­niň il­kin­ji nus­ga­sy peý­da bol­ýar. 1987-nji ýyl­da «Toyo­ta Mo­tor Cor­po­ra­ti­on» «Volks­wa­gen» bi­len şert­na­ma bag­la­­şyp, Ger­ma­ni­ýa üçin «pi­kap» aw­to­mo­bil­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ýar. 1988-nji ýyl­da «Lexus» at­ly bren­di­ni dö­red­ýär. 1990-njy ýyl­la­ryň ahy­ryn­da il­kin­ji gib­rid aw­to­mo­bi­li – «Toyo­ta Prius» kon­we­ýer­den çyk­ýar. Aw­to­mo­bil önüm­çi­li­gin­de ol il­kin­ji ge­zek do­wam­ly ön­dü­ri­len elekt­ro­mo­bil bol­dy. 2007-nji ýyl­da «Toyo­ta» 77 ýyl­dan bä­ri aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­de bi­rin­ji bo­lup gel­ýän «Ge­ne­ral Mo­tors»-dan oz­dur­ma­gy ba­şar­dy.
«Toyo­ta» kompaniýasy hä­zir­ki wagt­da her 5 se­kunt­da bir aw­to­mo­bil ön­dür­ýär. Ýer ýü­zün­de «Toyo­ta»-nyň 340 müň­den gow­rak iş­gä­ri, 69 sa­ny za­wo­dy bar. «Toyo­ta» 140-dan gow­rak ýurt­da sa­tyl­ýar. 90-njy ýyl­lar­da­ky ön­dü­ri­len «Toyo­ta»-la­ryň 80 gö­te­ri­mi hä­zi­rem ýol­lar­da he­re­ket ed­ýär.

Hez­re­ta­ly Mät­ji­kow,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.