Germaniýaly alymlar dünýäniň iň gadymy şaý-seplerini tapdylar. Arheologlar Germaniýanyň Gars dagynyň gowagynyň girelgesinde 51 müň ýyllyk bezelen keýik toýnagyny tapdylar. Bu barada «Nature Ecology & Evolution» žurnalynda çap edilen makalada bellenilýär. Hünärmenleriň pikiriçe, uzynlygy alty santimetr we ini dört santimetr bolan bu tapyndy dünýäniň iň gadymy bezeg şaý-sepidir. Alymlar tapyndyny jikme-jik öwrenenden soňra şeýle netijä geldiler. Tapyndydaky çyzgylaryň ussatlyk bilen çekilendigine göz ýetirdiler.
Alymlaryň pikiriçe, gadymy adamlar üçin şeýle şaý-sepleriň döredilmeginiň simwoliki manysy bar. Hünärmenler gadymy adamlaryň şeýle şaý-sepleri nämä ulanyp bilendiklerini entek anyklap bilmeseler-de, bu tapyndynyň irki döwürdäki adamlaryň durmuşy we olaryň sungaty barada gyzykly maglumatlaryň üstüni açmaga mümkinçilik berjekdigini belleýärler.
Mährigözel AMANJAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.