“Fiat Chrysler” bilen PSA toparynyň birleşmegi netijesinde emele gelen “Stellantis” hyzmatdaşlygy elektrik awtoulag programma üpjünçiligi we ösüşi üçin 36 million dollar sarp etmegi meýilleşdirýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky we Demirgazyk Amerikadaky 5 zawodda 260 gigawat sagatlyk önümçilik kuwwatynyň gazanylmagy göz öňünde tutulýar. “Stellantis” elektroulag we batareýa zawodlaryna maýa goýmakda “Volkswagen AG”, “General Motors” we “Ford Motor” ýaly bäsdeşlerine barha golaýlaşýar.
“Stellantis” gibrid we ähli elektrikli ulaglaryň Ýewropadaky satuwlarynyň 70 göteriminden gowragyny we 2030-njy ýyla çenli ABŞ-daky satuwlarynyň 40 göterimini emele getirmegi maksat edinýär. Kompaniýa şu ýylyň birinji ýarymynda ýüze çykan çip üpjünçiliginiň ýetmezçilik edýändigi sebäpli bahasyny ýokarlandyrdy. Netijesi ýokary derejede girdeji gazandy.