Ertir mundan bir aý öň başlan futbol baýramçylygy jemlener. 24 toparyň gatnaşan we ahyrynda-da 2 ýygyndyny finala çykan 16-njy Ýewropa çempionatynda çempion belli bolar. Italiýa bilen Angliýanyň arasynda “Wembley”-de oýnaljak final duşuşygy ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen ýarygijede (00:00) başlar. Duşuşyga niderland Býorn Kuipers eminlik eder.

Öňki oýunlarda italýanlar öňde

Italiýa bilen Angliýanyň ýygyndylary mundan öň özara 27 gezek duşuşyk geçirdiler. Şolarda Italiýa 11, Angliýa 8 gezek ýeňiş gazandy. 8 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy. Gollarda 32-31 Angliýa öňde. Olaryň arasyndaky ilkinji 8 duşuşykda (hemmesi-de ýoldaşlyk duşuşygy) italýanlara ýeňiş gazanmak başartmandy (4 ýeňliş, 4 deňlik). Şol duşuşyklar 1933-1961-nji ýyllar aralygynda oýnaldy.

Uly ýaryşlarda Italiýa Angliýadan utulanok

Uly ýaryşlarda 4 gezek duşuşdylar we şolaryň hiç birinde Italiýa ýeňilmedi. 1980-nji ýylda Ýewropa çempionatynda toparçada (1-0; Tardelli 79), 1990-njy ýylda Dünýä Kubogynda 3-nji ýer üçin oýunda (2-1; R. Bajjo 71, Skilaççi 86 p – Platt 81), 2012-nji ýylda Ýewropa çempionatynyň çärýek finalynda (0-0, 4-2 p) hem-de 2014-nji ýyldaky Dünýä Kubogynyň toparçasynda (2-1, Markizio 35, Balotelli 50 – Starrij 37) Italiýa üstün çykmagy başardy.

Ýeňlişsiz finala çykdylar

33 oýundan bäri ýeňilmän gelýän Italiýanyň ýygyndysy finala çenli “A” toparçada Türkiýäni 3-0, Şweýsariýany 3-0, Uelsi 1-0, 1/8 finalda Awstriýany goşmaça wagtda 2-1, çärýek finalda Belgiýany 2-1, ýarym finalda-da Ispaniýany penaltilerden soň (1-1, 4-2 p) ýeňmegi başardy.

Bu çempionatda ilkinji 5 duşuşygynda gol geçirtmedik Angliýanyň ýygyndysy finala çenli “D” toparçada Horwatiýany 1-0, Şotlandiýa bilen 0-0, Çehiýany 1-0 ýeňdi. 1/8 finalda köne garşydaşy Germaniýany 2-0, çärýek finalda Ukrainany 4-0, ýarym finalda-da jedelli penalti urgusynyň bellenen oýnunda Daniýany goşmaça wagtda 2-1 ýeňdi.

Öz öýünde diňe 3 ýygyndy çempion boldy

Ýewropa çempionatynda şu wagta çenli diňe 3 ýygyndy öz öýünde çempion bolmak başartdy. 1964-nji ýylda Ispaniýa, 1968-nji ýylda Italiýa hem-de 1984-nji ýylda Fransiýa  öz janköýerleriniň öňünde kubogy asmana göteripdiler.