Hytaýyň Şanhaý şäherinde dünýäniň iň uly astronomiýa muzeýi açylýar. 16-njy iýulda açyljak desganyň meýdany 40 müň inedördül metre barabar bolup, onuň çäginde sergi zallary, planetarium, obserwatoriýa we teleskop bolar. Muzeýiň çylşyrymly we egrem-bugram gurluşy kosmosyň geometriýasyny şöhlelendirjek derejede dizaýn edilipdir. Şeýle hem desga asman jisimleriniň orbitalaryny suratlandyrýan bir-biriniň içinden geçýän üç ýaýdan emele gelýär. Binanyň dizaýnyny taýýarlamak üçin 2014-nji ýylda halkara bäsleşik yglan edilipdi. Bäsleşikde ABŞ-nyň “Ennead Architects” firmasy ýeňiji bolupdy.
Baş binagär Tomas J. Wong binanyň astronomiýadan ylham alnan binagärligiň esasy nusgalarynyň biridigini belleýär.
Wong we onuň topary tekiz diwarlaryň ýerine kosmos giňişligindäki hemme zadyň yzygiderli hereket edýändigini we belli bir güýç tarapynda dolandyrylýandygyny görkezmegi maksat edinipdir.
Desganyň girelgesinde myhmanlary ilki bilen “oculus” garşy alýar. “Oculus” günüň dowamynda ýerde hereket edýän, wagty we pasyllary görkezýän Gün şöhlesiniň halkalaryny emele getirip, wagty görkezýän sagat hökmünde döredilipdir.
Soňra bolsa, äpet togalagyň içine ýerleşdirilen we binanyň üçeginde Aýyň dogýanyny ýatladýan planetarium bar. Äpet gurluşyň ortasy agramsyz ýagdaýda howada “ýüzýän” ýaly bolup görünýär.
Soňra bolsa, üçegiň depesindäki uly, başaşak duran gümmez, myhmanlara gijesine asmany aýdyň görmäge mümkinçilik berýär.
Wong adamlaryň ýaşaýşyň merkezi hökmünde Ýeriň aýratyn tebigatyna düşünmeklerini isleýändigini aýdýar.
Ýeri gelende aýtsak, “Ennead Architects” firmasy Nýu-Ýorkdaky Amerikan tebigat taryhy muzeýindäki meşhur “Rose” Ýer we kosmos merkeziniň dizaýnyny taýýarlady. Wong bu iki binanyň arasynda baglanyşygyň bardygyny belleýär.