Bir aýlap dowam eden çempionatda 51 duşuşyk geçirildi. Şol 51 oýunda 142 gol derwezä girizildi. Bu bolsa iň köp goluň geçirilen Ýewropa çempionaty diýmekdir. Mundan öňki iň ýokary görkeziji 2016-njy ýyldaky çempionatda 51 oýunda 108 gol geçirilipdi. Geçirilen 142 goluň 11-si awtogol bolup, galan 131 goly 80 futbolçy derwezä girizdi. 50 futbolçy 1 goldan 30 futbolçy-da 1-den köp gol geçirdi. Het-trik eden futbolçy bolman jemi 12 futbolçy 14 gezek (Benzema bilen Ronaldo 2 gezek 2 goldan geçirdi) bir oýunda 2 gezek tapawutlandy.

Eminler 17 gezek penalti urgusyny bellediler we şolaryň 9-sy dürs ýerine ýetirildi (52,94 %).

Ortaça her oýna düşýän gol boýunça hasaba alnanda hem 16-njy Ýewropa çempionaty iň golly bäsleşik hökmünde taryha girdi. Her duşuşyga ortaça 2,78 goldan düşüp, bu çempionat 2000-nji ýyldaky hem-de (85 gol, ortaça 2,74 gol) 1984-nji ýyldaky (41 gol, ortaça 2,73 gol) çempionatlardan öňe saýlandy.

Iň köp gol geçiren toparlar Italiýa bilen Ispaniýanyň ýygyndylary boldy. Iki topar hem 13 gol geçirdi. Bu italýanlar üçin uly ýaryşlarda rekorda deň diýmekdir.

Geçirilen gollaryň 61-si sag aýak, 43-si çep aýak, 27-si kelle bilen, derwezä girizildi (11 awtogol bu hasaba alnanok). 123-si jerime meýdançanyň içinden, 19-sy daşyndan derwezä salyndy.  Çempionatda jerime urgusyndan bir gol geçirildi.