Saud Arabystanynda haj parzyny berjaý etmäge baran zyýaratçylaryň dürli hyzmatlardan peýdalanmagy üçin “akylly” haj karty taýýarlandy. Bu kart arkaly zyýaratçylar ulag serişdelerine münmek, bankomatlar arkaly töleg etmek ýaly dürli hyzmatlardan peýdalanarlar. Kart Mekge welaýatynyň häkimi, Merkezi Haj komitetiniň başlygy şazada Halid Al-Faýsal, Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bin Abdulaziziň geňeşçisiniň orunbasary Badr bin Soltanyň gatnaşmagynda tanyşdyryldy. Bu kart ulaglaryň tölegini etmekde, duralgalardan peýdalanmakda hem peýdalanylar.