“Xiaomi” -niň baş direktory Lei Jun şu gün kompaniýanyň doly awtomatlaşdyrylan smartfon önümçilik desgasynyň işe girizilendigini habar berdi. Iri desga “Ýagtylyksyz zawod” diýlip atlandyrylýar. Kärhananyň konweýerlerinden her üç sekuntda bir robotlar tarapyndan gurnalan, synagdan geçirilen we gaplanan smartfon çykýar. Hytaý brendi geçen ýylyň awgust aýynda “Akylly zawodyň” 1-nji birinji tapgyryny işe girizipdi. Bu desganyň her ýylda bir million smartfon öndürmäge mümkinçiligi bar. Taslamanyň birinji tapgyrynda awtomatik liniýalaryň adam gatnaşmazdan ýa-da az adamyň gatnaşmagynda işlemeginiň mümkinçiligi öwrenildi we synagdan geçirildi. Toplanan tejribe desganyň ikinji tapgyryna, ýagny ýylda 10 million smartfon önümçilik kuwwaty bolan desganyň gurluşygyna başlanmagyna mümkinçilik berdi. Ýagtylyksyz zawodlaryň ikisi-de Pekinde ýerleşýär. Täze zawod 2023-nji ýylyň ahyrynda işe giriziler. Täze kärhananyň ýylda azyndan 60 milliard ýuana (9,3 milliard dollar) girdeji gazanmagyna garaşylýar.