UEFA 16-njy Ýewropa çempionatynda gatnaşan toparlara umumylykda 775,5 million ýewro pul baýragyny berdi. Iň köp puly baýragyna çempion Italiýanyň ýygyndysy gazandy. 34 million ýewro pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu şu çempionatda bir toparyň alyp biljek iň ýokary mukdardaky pul sylagydyr. Finalçy iňlislere 30,25 million ýewro, ýarym finalçylar Ispaniýa 22,5 million hem-de Daniýa 21 million ýewro berildi. Gatnaşan her topara 9,25 million ýewro berlip, onuň mukdary toparçalarda gazanylan her ýeňiş 1,5 million (deňlik üçin 750 müň ýewro) artýar. Şeýle-de her tapgyra çykylanda-da ozal bellenen mukdarda toparlaryň kassasyna girýän pul mukdary artdyrylýar. Şoňa görä, ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmedik iki ýygyndy Türkiýe bilen Demirgazyk Makedoniýa iň az pul mukdary, gatnaşan her topara berilýän başlangyç mukdary – 9,25 million ýewro bilen sylaglanyldy.

 

Italiýa – 34 million ýewro

Angliýa – 30,25 million ýewro

Ispaniýa – 22,5 million ýewro

Daniýa – 21 million ýewro

Belgiýa – 19 million ýewro

Çehiýa – 16,75 million ýewro

Şweýsariýa – 16,75 million ýewro

Ukraina – 16 million ýewro

Niderlandlar – 15,75 million ýewro

Şwesiýa – 15 million ýewro

Awstriýa – 14,25 million ýewro

Fransiýa – 14,25 million ýewro

Portugaliýa – 13,5 million ýewro

Horwatiýa – 13,5 million ýewro

Germaniýa – 13,5 million ýewro

Uels – 13,5 million ýewro

Finlýandiýa – 10,75 million ýewro

Slowakiýa – 10,75 million ýewro

Russiýa – 10,75 million ýewro

Wengriýa – 10,75 million ýewro

Polşa – 10 million ýewro

Şotlandiýa – 10 million ýewro

Türkiýe – 9,25 million ýewro

Demirgazyk Makedoniýa – 9,25 million ýewro