Täze howa menziliniň düýbüniň tutulýan ýerine – Jebel şäherçesine gelende, milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary mübärekläp, özi üçin niýetlenen ýere geçýär.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara hem-de watandaşlarymyza ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyz gün-günden rowaçlanyp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýar diýip, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi.
Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýine barýan eziz Diýarymyz uly üstünliklere beslenip, belent sepgitlere ýetýär. Muny şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri hem doly tassyklaýar. Ýubileý ýylynyň geçen alty aýynda ýurdumyzda 32 sany iri desga, ähli amatlyklary bolan köp sanly döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglarydyr beýleki möhüm desgalar gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde işe girizilen Halkara howa menzilini, Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyny we ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.
Häzirki döwürde hem ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy dowam edýär. Biz bu işleri mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli döwrebap binalardyr desgalaryň ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösýändiginiň, ata Watanymyzyň kuwwatynyň artýandygynyň subutnamasyna öwrülip, güneşli ülkämiziň keşbini tanalmaz derejede özgerdýändigini, munuň bolsa biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýändigini belledi.
Döwrebap halkara howa menzili
Ynha, bu gün hem biz Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze Halkara howa menzili toplumynyň dabaraly ýagdaýda düýbüni tutýarys. Potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlenjek bu halkara toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň, berkarar döwletimiziň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň uludygynyň aýdyň subutnamasydyr.
200-e golaý işgär işlejek täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolar. Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bar. Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasyny görkezmek bolar. Bu ýerde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar. Ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary, jemi 15 sany esasy desga bina ediler. Uçarlara ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin täze Halkara howa menzilini dürli görnüşli 45 sany ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.
Nesip bolsa, ýene-de üç ýyldan bu ýerde döwrebap howa menzili bina ediler, dürli kysymly howa gämileri uçup-gonar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, düýbi tutulýan täze Halkara howa menzili toplumy berkarar döwletimiziň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ol howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmakda, ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmekde, halkymyza döwrüň talaplaryna laýyk hyzmat etmekde wajyp orny eýelär.
Milli Liderimiz bular barada aýdyp, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak bu täze desganyň gurluşygynda işlejek, işe girizilenden soň toplumda zähmet çekjek adamlaryň ählisine uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatyň merkezi Balkanabat şäherinde döwrebap «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we 3000 orunlyk sadaka jaýynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga beriljekdigini belledi. Ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň görküne görk goşjak «Türkmeniň ak öýi» binasy döwletli maslahatlary we dürli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilýär. Bu ajaýyp bina şanly seneleri, baýramçylyk we toý dabaralaryny, şowhunly aýdym-sazly çykyşlary hem-de at üstündäki oýunlary guramak üçin ähli şertler döredilen merkeze öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz merdana halkymyzyň döwletlilik däplerini özünde jemleýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň Balkan welaýatynda alyp barýan işlerimizi üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýelejekdigini, medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmekde, ýaşlarymyzy watançylyk, millilik, zähmetsöýerlik we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz gün-günden gözelleşýän gadymy Balkan topragynda täze howa menziliniň düýbüniň tutulmagy we «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen dabara gatnaşyjylary hem-de watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlady. Olaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Goý, bu ajaýyp binalar geljek nesillerimize bizden hemişelik ýadygär galsyn diýip, milli Liderimiz çykyşyny jemledi.
Soňra döwlet Baştutanymyza hem-de dabara gatnaşyjylara Jebel şäherçesindäki täze guruljak Halkara howa menzili hem-de onuň esasy häsiýetnamalary barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berýän wideoşekiller görkezildi.
Soňra ösüp gelýän ýaş nesliň wekilleri milli Liderimizden howa menziliniň gurluşygyna ak pata bermegini hem-de geljekki nesillere ýüzlenilen ýadygärlik ýazga gol çekmegini haýyş edýärler. Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazga gol çekýär we ony ýörite gutujyga salyp, geljekki howa menziliniň binýadyna goýýar.
Asylly däbe görä, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz gurluşyga badalga berip, täze howa menziliniň binýadyna pil bilen beton guýdy.
Hormatly ýaşulular we beýleki dabara gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz çagalar hem-de uly ýaşly nesliň wekilleri bilen ýadygärlik surata düşdi.
Dabara tamamlanandan soň, milli Liderimiz awtoulagynda Balkanabada, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.
10 sany «Tiz kömek»
awtoulagyny sowgat berdi
Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz şäheriň «Gaýragoýulmasyz Tiz kömek» merkeziniň golaýynda saklandy. Lukmançylyk edarasynyň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri tüýs ýürekden mübärekleýärler.
Milli Liderimiz halkymyzyň, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini aýdyp, bu gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat bermek barada karara gelendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň geljekde hem biziň geljegimiz bolan çagalar, olaryň beden taýdan sagdyn ösmegi hem-de Watanymyza bolan söýgi ruhunda terbiýelenilmegi üçin yzygiderli alada etjekdigini belledi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimize Diýarymyzyň ýaş raýatlary barada ýadawsyz alada edýändigi hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda hemişe goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Hormatly Prezidentimiz lukmanlar bilen söhbetdeş bolup, täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň olaryň işine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz lukmanlar bilen hoşlaşyp, olaryň asylly we jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Balkanabatda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap ugrady.
Üç müň orunlyk
«Türkmeniň ak öýi» binasy
Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň täze binagärlik ajaýyplygyna öwrülen bu iri durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda guruldy.
Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz täze desganyň öňündäki meýdança barýar. Şol ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitiniň birleşen döredijilik toparlarynyň köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary hem-de kümüş saçly eneleri bilen bilelikde toý bagyny kesýär. Täze ajaýyp desga açylýar.
Milli Liderimiz binanyň içine girýär. Hormatly Prezidentimizi çagalar joşgunly goşgy okamak bilen garşylaýarlar, olar şeýle hem «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirýärler. Bu ýerde halk saz gurallary topary çykyş edýär.
Şanly waka mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynda milli amaly-haşam sungaty hem-de döredijiligiň görnüşleri, milli senetçiligiň özboluşlylygy barada düşünje almaga mümkinçilik berýän sergi guraldy. Döwlet Baştutanymyz giň gerimli sergini synlady, ol türkmen halkynyň köpugurly döredijilik zehininiň hem-de örän baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň ak öýi» binasynyň bezegi we abadanlaşdyrylyşy, onuň keşbindäki şähergurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy gazanylanlar hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri, dürli derejedäki çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Ägirt uly ak öý görnüşinde bina edilen we üç müň adama niýetlenilen «Türkmeniň ak öýi» binasy halkymyzyň gadymdan gelýän asylly myhmansöýerlik däp-dessurlaryny alamatlandyrýar hem-de abadançylygyň we ösüşiň nyşany bolup durýar. Durmuş üpjünçilik ulgamynyň toplumy bilen üpjün edilen bu bina häzirki zaman gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri esasynda guruldy. Onuň içki bezeginde ulanylan milli binagärlik sungatynyň usullary hem-de haly nagyşlary aýdyň milli öwüşgini bilen tapawutlanýar.
«Türkmeniň ak öýi» toplumynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň konsert zaly, iş otaglary we beýleki ugurdaş otaglar, eýwan göz öňünde tutuldy. Bu 3 müň orunlyk sadaka üçin aýratyn binany hem öz içine alýan tutuş desgalar toplumydyr. Onuň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy hem-de bagy-bossanlyga büreldi, köp sanly pürli agaç nahallary hem-de bezeg ösümlikleri ekildi, bina gelýän ýol çekildi, bezeg, yşyklandyryş enjamlary gurnaldy.
Sungat ussatlary çykyş etdiler
Hormatly Prezidentimiz täze desga bilen tanyşlygyny tamamlandan soňra, şanly waka mynasybetli guralan welaýatyň sungat ussatlarynyň konserti geçirilýän zala bardy.
Baýramçylyk konserti «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly edebi-sazly çykyş bilen açyldy. Soňra welaýatyň belli aýdymçylary we döredijilik toparlary çykyş edip, joşgunly aýdymlary, tanslary bilen ussatlyklaryny görkezdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar topary hem ajaýyp öwüşginli çykyşyny taýýarlady. Bedewe erk etmegiň inçe tilsimlerini ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirýän bu topar Diýarymyzda hem, onuň çäklerinden daşarda hem uly şöhrata hem-de giň ykrar edilmegine mynasyp boldy.
Asylly däbe görä, konsert maksatnamasyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk döredijiliginiň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň subutnamasy bolan gadymy «Küştdepdi» tansy hem girizildi.
Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Alkyş aýdýas Arkadaga!» aýdymy dabaranyň köpöwüşginli jemlemesine öwrüldi. «Türkmeniň ak öýi» binasynda emele gelen watançylyk we baýramçylyk ruhy türkmen halkynyň milli Lideriniň töwereginde mäkäm jebisleşendiginiň, ajaýyp Watanymyza bolan çäksiz buýsanjynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.
Konsert tamamlanandan soňra, milli Liderimiz Hormatly myhmanlar üçin kitaba ýadygärlik ýazgy ýazdy.
Döwlet Baştutanymyz şu günki ajaýyp wakanyň şanyna Balkanabat şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynda işlejek döredijilik toparlary üçin niýetlenilen täze awtobusy sowgat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy. Sadaka tamamlanandan soňra, milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.