Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edişligi dowam edýär. Giriş synaglary we okuwa kabul etmek 12-nji iýuldan 27-nji awgust aralygynda geçirilýär. Bu çäräni we ony düzgüne laýyk geçirmeklige ýörite döredilen Döwlet topary ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň ylmy-tehniki, ykdysady ösüşiniň çaltlanmagy bilen baglylykda geljekki okuw ýylynda hünärmenleri taýýarlamak ulgamyna käbir özgertmeler girizildi. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň käbiri hojalyk hasaplaşygyna geçirildi. Resminama laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti täze okuw ýylyndan başlap, hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.
Dalaşgärlere ýokary okuw mekdeplerinde 32 ugurdan döwrebap hünärler teklip edilýär. Mundan başga-da, paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bakalawr we magistratura maksatnamalary boýunça hünärmenleri taýýarlar.
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşy tassyklanyldy. Täze okuw ýylynda bu ýerde Strategik barlaglar boýunça ylmy merkez, Ýaş diplomatlar mekdebi hem-de Sanly ulgamlar we kommunikasiýalar bölümi hereket eder.
Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde, ata Watanymyzda köp sanly iri möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti yzygiderli ösdürilýär, öňdebaryjy, täze tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar we milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üçin ähli möhüm işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek we ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap bilim ojaklaryny gurmak boýunça işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde depginli alnyp barylýar.
Häzirki günlerde hem ýurdumyzyň bilim ulgamynda gyzgalaňly döwür başlandy. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 12-nji iýul – 27-nji awgust günlerinde guramak göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy hem-de saýlan hünärlerini özleşdirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwletimiz Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ýygjam aragatnaşyklary ýola goýup, halkara barlaglara gatnaşmaga hem-de akademiki maglumatlar ulgamyny ösdürmäge mümkinçilikleri artdyrdy. Ýurdumyz bilim bermek işine dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, BMG, Ýewropa Bileleşigi, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri bilen ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde dürli halkara maksatnamalaryň çäklerinde netijeli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň halkara ülňülerine geçildi. Ýaş hünärmenleri bakalawr we magistr ulgamlarynda taýýarlamak babatda degişli işler ýola goýuldy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginlerde döwrebaplaşdyrmagy, onuň ylma esaslanýan täze pudaklaryny depginli ösdürmegi üpjün etmek üçin zerur bolan işgärleri taýýarlamak, ýokary okuw mekdepleriniň ulgamyna düýpli özgertmeleri, täze bilim ülňülerini ornaşdyrmak işleri hem talabalaýyk derejede alnyp barylýar. Hut şunuň üçin ýurdumyzda ösen kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy tejribäni, ýagny tutuş bilim ulgamynyň innowasion ösüşini ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň bilim beriş ulgamyny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek üçin, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünärleriň talap edilýän ugurlary açylýar.
Mümkinçilikleri çäkli çagalaryň ýokary hilli bilim almaga deň hukuklary ýurdumyzyň kanunçylygynda berkidilendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň mümkinçilikleri çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin bilim edaralarynda zerur şertleri döretmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitländigini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ylym we täze tehnologiýalar esasynda senagatlaşdyrylýar, berk binýatly, kuwwatly, ýokary derejede ösen döwlete öwrülýär. Milli Liderimiziň döredip beren şertleri bizi döredijilige, döwrebap ylym-bilimi özleşdirmäge, ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerine işjeň gatnaşmaga ruhlandyrýar.
Annagözel REPOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.