Hytaýda iş alyp barýan «Alibaba» we «Tencent» kompaniýalary hyzmatdaşlyk etmek kararyna geldiler. Bu iki kompaniýa tehnologiýa, aragatnaşyk, bölek söwda, elektron söwda we beýleki dürli ugurlarda iş alyp barýarlar. Mundan ozal «Tencent»-iň töleg ulgamlary «Alibaba»-nyň platformalarynda işlemeýärdi. Indi bolsa iki kompaniýanyň mobil programmalary we beýleki ulgamlary biri-biri bilen sazlaşykly işlär. Bu bolsa müşderileriň işini ýeňilleşdirer. «Bloomberg» neşiriniň habaryna görä, «Tencent» kompaniýasy «Alibaba»-nyň elektron söwda sanawlaryna «WeChat» mobil goşundysy arkaly birigýän ulgamy işläp taýýarlaýar.
Abdyrahym Hojaýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.