Ita­li­ýa­ly alym­lar ge­ne­ti­ki bar­lag­lar ar­ka­ly Leo­nar­do da Win­çi­niň ne­sil da­rag­ty­ny di­kelt­di­ler. Bu iş üçin ola­ra on ýyl tö­we­re­gi wagt ge­rek bol­dy. Ales­sand­ro Wes­so­zi we Ag­ne­se Sa­ba­to dün­ýä bel­li su­rat­ke­şiň maş­ga­la­sy­nyň 21 nes­li­niň do­wa­myn­da­ky er­kek ki­şi­le­riň yzy­gi­der­li ne­sil da­rag­ty­ny düz­di­ler. Olar bar­lag­la­ry­ny 1331-nji ýyl­da dog­lan «urug­ba­şy» Mi­kel­den baş­lap, hä­zir­ki ýa­şap ýö­ren 14 sa­ny ne­sil bi­len ta­mam­la­dy­lar. Leo­nar­do­nyň özi (1452-nji ýyl­da dog­lan) al­tyn­jy nes­le de­giş­li­dir. Urug şe­je­re­si maş­ga­la­nyň di­ňe bäş şa­ha­sy­ny öz içi­ne al­dy.
2016-njy ýyl­da bar­lag ge­çi­ri­ji­ler Leo­nar­do da Win­çi­niň maş­ga­la­sy­nyň köp san­ly nes­li­ni ta­pan­dyk­la­ry­ny ha­bar be­rip­di­ler. Ar­hiw mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Leo­nar­do­nyň özi zür­ýat­syz­dyr. Ýö­ne onuň köp nes­li bo­lan 22 öweý do­ga­ny bo­lup­dyr.
690 ýy­ly öz içi­ne al­ýan ne­sil da­rag­ty­nyň bäş şa­ha­sy­ny Leo­nar­do­nyň ka­ka­sy Pie­ro­dan (5-nji ne­sil) we onuň do­ga­ny Do­me­ni­ko­dan (6-njy ne­sil) yzar­lap gaýt­saň bol­ýar. Alym­lar 15-nji ne­sil­den bä­ri 225 sa­ny anyk adam ha­kyn­da mag­lu­mat ta­pyp bil­di­ler.
Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler er­kek ug­ry bo­ýun­ça geç­ýän Y hro­mo­so­ma­sy­nyň 25 nes­liň do­wa­myn­da üýt­ge­wsiz gal­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Di­ri adam­la­r bi­len öten-ge­çen­le­riň Y hro­mo­so­my de­ňeş­di­ri­len­de, ýüz­ler­çe ýyl­dan soň hem ola­ryň ga­ryn­daş­lyk gat­na­şy­gy­ny anyk­lap bol­ýar.
Leo­nar­do da Win­çi­niň DNK-sy­ny aý­dyň­laş­dyr­mak di­ňe bir onuň ga­lyn­dy­la­ry­nyň ha­ky­ky­ly­gy­ny tas­syk­la­ma­ga däl-de, eý­sem, beý­le­ki mö­hüm so­rag­la­ra-da jo­gap ber­mä­ge, my­sal üçin, onuň uçur­syz ze­hi­ni­niň se­bä­bi­ni anyk­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Ge­ne­ti­ki mag­lu­mat­lar us­sa­dyň ene-ata­sy­nyň ni­re­de dog­lan­dy­gy­ny, ha­ky­kat­dan hem çep­be­keý­di­gi­ni, haý­sy dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp ba­ran­dy­gy­ny hem-de ne­sil yzar­la­ýan haý­sy ke­sel­ler­den ejir çe­ken­di­gi­ni anyk­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.