«Giň­dir dün­ýä, geň­dir dün­ýä» diý­li­şi ýa­ly, dün­ýä­de gur­lu­şy, ýer­le­şi­şi, daş­ky gur­şa­wy, hö­dür­le­ýän döw­re­bap hem-de mil­li ta­gam­la­ry, el­ýe­ter­li­li­gi, tä­sir­li­li­gi we owa­dan­ly­gy bi­len ada­ty des­ga­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýan en­çe­me res­to­ran­lar bar. Ola­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­la­ry si­ziň üçin taý­ýar­la­dyk:

«El Diablo» restorany. Ispaniýanyň Te­gise şä­he­rin­de ýer­leş­ýän res­to­ran­da taý­ýar­lan­ýan äh­li ta­gam­lar res­to­ra­nyň aşa­gyn­da­ky iş­jeň wul­ka­nyň ýy­ly­ly­gy bi­len bi­şi­ril­ýär. Tä­sin gur­luş­ly ka­şaň res­to­ran XIX asyr­dan bä­ri dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­ýan wul­ka­nyň üs­tün­de gur­lan 6 gat ba­zalt ga­ýa­nyň üs­tün­de ýer­leş­ýär. Sar­gyt edil­ýän na­har­lar wul­kan odu­nyň üs­tün­dä­ki te­ge­lek ga­zan­da şol wagt bi­şi­ril­ýär. Bu ýe­riň müş­de­ri­le­ri öz­bo­luş­ly res­to­ra­nyň ta­gam­la­ry­nyň örän lez­zet­li­di­gi­ni aý­dyp, ony taý­ýar­la­ýan­la­ra ho­şal­lyk bil­dir­ýär­ler.
«360 degrees» restorany. Tailandyň paý­tag­ty Bang­kok­da­ky Pra­tu­nam myh­man­ha­na­sy­nyň 79-njy ga­tyn­da ýer­leş­ýän bu res­to­ran­da ta­gam­la­ryň we iç­gi­le­riň en­çe­me gör­nü­şi hö­dür edil­ýär. Bu ýer­de sy­ýa­hat­çy­la­ra ýö­ri­te ar­zan­la­dyş­la­ry gu­ra­ýan sy­ýa­hat­çy­lyk agent­lik­le­ri hem hyz­mat ed­ýär. Ýew­ro ähe­ňin­dä­ki pen­ji­rä­niň da­şyn­da bol­sa An­da­man deň­zi­niň aja­ýyp te­bi­ga­ty­na 360 de­re­je­lik aý­law bi­len syn edip bol­ýar.
«Le Jules Vernes» restorany. Fransiýanyň Pa­riž şä­he­ri­niň iň aja­ýyp ýe­rin­de – Eý­fel di­ňin­de ýer­leş­ýän res­to­ran müş­de­ri­le­ri­ne şä­he­ri bel­li bir be­lent­lik­den syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dip, ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­ma­ty bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Meş­hur ne­mes aş­pe­zi Alen Dýu­kas­syň lez­zet­li ta­gam­la­ry­ny da­dyp bol­jak bu res­to­ran he­mi­şe köp adam­ly bo­lan­soň, bu ýer­de na­har­lan­mak üçin öňün­den ýer bel­let­me­li bol­ýar.
«Treehouse» restorany. Beýik agaç şa­ha­la­ry­nyň ara­syn­da­ky myh­man­ha­na­la­ra köp ýer­de ga­bat gel­mek bol­ýar. Em­ma Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da to­ka­ýyň için­de ýer­den 10 metr be­lent­lik­de res­to­ran gur­lup­dyr. Res­to­ran daş­ky gur­şa­wy, ýag­ny to­kaý bi­len saz­la­şyk­ly di­zaýn edi­lip­dir. Gök öwüs­ýän agaç­la­ryň ara­syn­da to­kaý jan­dar­la­ry­ny syn­la­ýan wag­ty na­har­lan­ma­gy ha­la­ýan adam­lar bu ýe­re bar­ýar­lar.
«Grotta Palazzese» restorany. Italiýanyň gü­nor­ta­syn­da, Ad­ria­tik deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän we di­ňe to­mus­da hyz­mat ed­ýän bu res­to­ra­nyň müş­de­ri­le­ri deň­ziň aja­ýyp te­bi­ga­ty­na syn edip, tol­kun­la­ryň se­si­ni diň­läp na­har­lan­ýar­lar. Hek daş­dan eme­le ge­len go­wa­gyň için­de gur­lan res­to­ran has tä­sir gal­dy­ry­jy gur­şa­wy dö­re­dip, myh­man­la­ry­na ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry hö­dür­le­ýär.