Tomusky dynç alyş möwsümi çagalaryň beden taýdan taplanmagy üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär. Bu döwürde açyk howada has köp wagt geçirilýär, oýnalýar, welosiped sürülýär, sport bilen meşgullanylýar. Oýunlar çagalaryň zehin we beden taýdan ösmeklerine ýardam edýär. Şeýle oýunjaklaryň biri hem tangram hasaplanýar. Irki döwürlerde peýda bolan bu oýnawaç 7 sany tagta bölejiginden ybarat. Dürli ululykdaky tagta bölejikleri bilen öz ukyp-başarnygyňa, hyýaly güýjüňe görä ýüzlerçe şekili ýasap bolýar. Birleşdirilende dörtburçluk şekilli bolýan tagta bölekleri dürli şekilli bölejiklerden ybaratdyr. Bu oýun geometriýany has aňsat öwrenmäge ýardam edýär. Öňki döwürde agaçdan ýasalan bu oýnawaç häzirki wagtda plastmassadan ýa-da kagyzdan hem öndürilýär. Ýeke özüň oýnap bolşy ýaly, deň-duşlaryň, maşgala agzalaryň bilen hem oýnap bolýan aýratyn ukyp talap etmeýän tangram wagtyňyzy peýdaly geçirmäge, döredijilik ukybyňyzy artdyrmaga ýardam edýär.
Oýunjak dükanlarynda satylýan tangramy özüňiz hem ýasap bilersiňiz. Munuň üçin karton kagyzy, çyzgyç, gaýçy, ruçka, reňkli galamlar gerek.
Ilki bilen 20×20 sm ölçegindäki kartony kesip taýýarlaň! Kartonyň ýüzüne 5×5 sm ölçeginde dikligine we keseligine çyzyklar çyzyň! Netijede, onuň ýüzünde 16 sany deň bölek emele geler. Soňra bolsa şekildäki ýaly dürli atanaklaýyn çyzyklar çyzyp, 7 sany geometrik şekili emele getiriň!
Soňra her şekili öz islän reňkiňize görä reňkläň, şekilleri kesiň! Ine-de, tangramyňyz taýyn boldy. Indi bolsa, islän şekiliňizi ýasap bilersiňiz.