Londonyň çig mal biržasy paýnamalary köpçülige hödür edilen şereketlere goýlan maýa goýum mukdary babatda Amsterdam we Frankfurt biržalaryndan aşak düşdi. Bu görkeziji şu ýylyň ikinji çärýegi ýagdaýyndaky hasabata degişlidir. Ýylyň ikinji çärýeginde London biržasynda hereket edýän kompaniýalaryň halka hödürlenen paýnamalaryna 3 milliard ýewro maýa goýum gönükdirilipdir. Frankfurtda hereket edýän “Deutsche Börse” biržasynda bu görkeziji 4,4 milliard ýewro bolupdyr. “Euronext Amsterdam”-da bolsa paýdarlar 3,5 milliard ýewro maýa goýupdyrlar. Ýylyň birinji ýarymynda bolsa London öňdeligi eýelemegini dowam etdirýär. Alty aýyň dowamynda iňlis biržasy 9,9 milliard funt sterling bilen birinjiligi eýeleýär.