Di­ňe daş­ky gör­nü­şi we ta­ga­my bi­len däl, eý­sem, ençeme peý­da­sy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýan ül­je to­msuň ha­la­nyl­ýan mi­we­le­rin­iň bi­ri­dir. Wi­ta­min­le­re we mi­ne­ral­la­ra baý ül­jä­niň beý­nä, iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­na, an­ti­ok­si­dant hä­si­ýet­le­ri bi­len ýü­rek-da­mar sag­ly­gy­na peý­da­ly­dy­gy mä­lim­dir. Ül­je ba­ra­da kä­bir gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris:

Ül­je ha­sy­ly­ny al­mak­da Rus­si­ýa, Pol­şa, Tür­ki­ýe, Uk­rai­na, ABŞ we Eý­ran öň­de­li­gi eýe­le­ýär.

Ýa­ba­ny ül­je Si­bir­de, Ga­za­gys­tan­da, Baş­gyr­dys­tan­da we Wol­ga se­bi­tin­de duş gel­ýär.

Ang­li­ýa­da duş gelýän ül­je aga­jy 150 ýyl­dan gow­rak ýa­şa­ýar we be­ýik­li­gi 14 met­re ýet­ýär.

Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilýän Sakura ülje görnüşleriniň arasynda owadanlygy bilen tapawutlanýar. Bu agajyň güllemegi ýaponlar üçin şaly ekişiniň başlangyjy hökmünde kabul edilýär.

Ülje C wi­ta­mi­ni, ka­ro­ti­no­id­ler we fla­wo­no­id­ler (an­tos­ýa­nin­ler) ýa­ly an­ti­ok­si­dant­la­ryň am­ma­ry­dyr. An­ti­ok­si­dant­lar er­kin ra­di­kal­la­ry zy­ýan­syz­lan­dyr­ýar we gar­ry­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly ke­sel­ler­den go­ra­ýar.

Üljäniň düzümindäki an­ti­ok­si­dant­laryň (C wi­ta­mi­ni, ka­ro­te­no­id­ler we fla­wo­no­id­ler) im­mu­ni­te­ti ýo­kar­lan­dyr­ýandygy, bak­te­ri­ýa we wi­rus ýa­ly ýo­kanç­lyk­lar­dan go­ra­ýandygy bellenilýär.

Üljäniň beý­ni­ni güýç­len­dir­mek uky­bynyň bardygy aýdylýar. Ol huşsuzlygyň öňü­ni al­ýar. Miwäniň düzümindäki po­li­fe­nol­lar tä­ze mag­lu­mat­la­ry ne­ti­je­li iş­le­mä­ge we beý­ni­miz bi­len be­de­ni­mi­ziň ga­lan bö­le­gi­niň ara­syn­da­ky ara­gat­na­şy­gy go­wu­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär.

Üljäniň dü­zü­min­dä­ki se­ro­to­nin me­la­to­nin bi­len bi­le­lik­de uky­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, uku­syz­lyk we uky bo­zul­ma­la­ry ýa­ly ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek üçin peý­da­ly­dyr.

Üljede B we C wi­ta­mi­ni bar, bu sa­çyň za­ýa­lan­ma­gy­nyň we dö­wül­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Şeý­le hem kel­le de­ri­si­ni çyg­ly sak­la­ýar. C wi­ta­mi­ni de­ri­ňi­ze te­bi­gy öwüş­gin ber­ýär.

Üljedäki sü­ýüm iç ga­ta­ma­nyň öňü­ni al­ýar, iý­mit siň­di­ri­şe kö­mek ed­ýär. Fla­wo­no­id­ler aş­ga­zan şi­re­le­ri­niň iý­mit bö­le­jik­le­ri­ni ýok ed­ýär.

Size bagtly we sagdyn durmuş arzuw edýäris!