Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja arheologiýa müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan Mleýha şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bahasyna ýetip bolmajak hazyna ýüze çykaryldy. Olar miladydan öňki III asyra degişli ýüzlerçe kümüş şaýylyklardan ybarat. «The National News» saýtynyň habaryna görä, kümüş şaýylyklar Mleýha şäheriniň taryhy ähmiýetine täze öwüşgin çaýýar.
Golaýda Şarjanyň arheologiýa gullugy bu hazynanyň fewral aýynda tapylandygyny resmi taýdan mälim etdi. Bu döwürde şaýylyklarda ylmy-barlag işleri geçirilip, olaryň ähmiýetine baha berildi. Jemi 409 sany kümüş şaýylykdan ybarat hazyna agyr toýun gabyň içinde asyrlar boýy saklanyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Numizmatikadan hünärmenler tapylan şaýylyklaryň hemmesiniň şol bir sebitde zikgelenendigini we olaryň haýsydyr bir söwdagäre degişli bolup biljekdigini çakladylar. Çünki Mleýha şäheri geçmişde arap ýarym adasyndaky möhüm söwda merkezleriniň biri bolupdyr.
Şaýy pullaryň köpüsi öz döwrüne mahsus bolup, şol zamanlarda giňden ýaýran şekilleri we nagyşlary bilen tapawutlanýar. Şeýle-de bolsa birnäçe şaýylygyň gaty seýrekdigi belli boldy. Olaryň arasynda diňe birnäçe nusgasynyň şu günlere çenli saklanyp galan görnüşleri bar. Hususan-da, şaýylyklaryň käbirinden Aleksandr Makedonskiniň we grek taňrysy Zewsiň şekilleri ýüze çykaryldy.