Nemes awtoulag ägirdi “Mercedes-Benz” ýakyn geljekde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň kämilleşdirmek we önümçiligini ýola goýmak üçin 40 milliard dollar maýa goýum özleşdirjekdigini mälim etdi. Bu pul serişdesi 2022-2030-nji ýyllar aralygynda  bölünip berler. Kompaniýa hyzmatdaşlyk edýän şereketleri bilen bilelikde 8 sany batareýa önümçilik desgasynyň guruljakdygyny we 2025-nji ýyldan başlap, “Mercedes” brendli ulaglaryň dolulygyna elektrik energiýaly ýa-da gibrid tehnologiýaly boljakdygyny mälim etdi.

Kompaniýanyň ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Ola Kallenýus dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar baradaky jedelleriň ýerliksizdigine ünsi çekip, asyl meseläniň elektrokarlaryň önümçiligi bilen bagly prosesdigini aýtdy. Ýolbaşçy häzirki wagtda bu prosesi çaltlandyrmaga üns berýändiklerini belledi.

Ýewropa Bileleşigi golaýda sebitde 2035-nji ýyldan başlap, dizel we benzin ýangyçly ulaglaryň satuwynyň gadagan ediljekdigini mälim edipdi.