Ýewropa çempionatyny şowsuz tamamlan Russiýanyň futbol ýygyndysynda tälimçi Stanislaw Çerçesow wezipesinden boşadylypdy. Ýurduň futbol federasiýasy onuň ornuna “Rostow” klubunyň tälimçisi, 52 ýaşly Waleriý Karpini wezipä belledi. Ol şu ýylyň 31-nji dekabryna çenli milli ýygynda tälim berer. Karpin şol birwagtyň özünde “Rostowdaky” tälimçiligini hem dowam eder. Federasiýa onuň milli ýygyndydaky tälimçiligi şowly bolan ýagdaýynda şertnamasyny ilkinji etapda ýene bir ýyl uzaldar.