Ýadro reaktorlary täsirli energiýa çeşmesi bolsa-da, köp adamlar onuň howpsuzlygy barada şübhelenýärler. Şeýle hem energiýa öndürmegiň bu usuly has köp suw talap edýär. Hytaýda ilkinji arassa ýadro reaktorynyň gurulmagy maksat edinilýär. Göz öňünde tutulýan taslamada howplaryň öňüni almak üçin suwuk we eredilen duz ulanmak meýilleşdirilýär. Ilkinji reaktoryň nusgasy awgust aýynda tamamlanar. Bu reaktoryň synaglary sentýabr aýynda geçiriler. Desga 2030-njy ýyla çenli gurlup gutarylar. Bu taslama Hytaýyň 2060-njy ýyla çenli “bitarap uglerod” maksatnamasyna ýetmegi üçin iň uly goldawlaryndan biri bolar.