“McLaren” kompaniýasy üsti açylýan iň kuwwatly ulagy “765LT Spider” modelini köpçülige görkezdi. Täze model geçen ýyl diňe 765 sanysy öndürilen we ählisi satylan “765LT coupe” ulagynyň üsti açyk görnüşidir. “Coupe” modeliniň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän “Spider”-yň agramy “agasyndan” 50 kilogram köp. Ulagyň üsti sagatda tizligi kilometrden pes tizlikde barýan wagty 11 sekuntda açylýar. “Spider”-den hem edil “agasy” ýaly 765 sanysy öndüriler. Şu ýyl öndürilip gutaryljak ulagyň ählisi eýýäm satylypdyr.

Ulagyň 4.0 litrlik goşa turboly V8 motor bar. Awtomat tizlik geçirijisi bolan ulag 0-dan 100 km/sagat tizlige 2,8 sekuntda ýetýär. Ulagyň maksimum tizligi 330 km/sagat. Bu bolsa kompanýanyň üsti açylýan iň ýyndam ulagy diýmegi aňladýar.