Italiýanyň Napoli şäherinde G20 toparyna girýän ýurtlaryň daşky gurşaw, howa we energiýa ministrleriniň ýygnagy geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar geljek 30-50 ýyla degişli öňüni alyş çäreleri we durmuşa geçiriljek maksatnamalar barada pikir alyşdylar. Ýygnaga dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlary bilen bir hatarda Ýewropa Bileleşiginiň, beýleki halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Daşky gurşawy goramak, arassa energiýa çeşmelerini artdyrmak, suw gorlaryny goramak maslahatyň esasy meseleleri boldy. Maslahatda çykyş eden Italiýanyň ekologik öwrülişik ministri Roberto Çingolani gatnaşyjy ýurtlar bilen global maýylganlygy 1,5 göterim azaltmak üçin edilmeli işleriň maslahatlaşylandygyny aýtdy. Ministr geçirilen gepleşiklerde gatnaşyjy ýurtlaryň 2015-nji ýyldaky Pariž howa ylalaşygynda kesgitlenen howanyň ýylylygynyň artyşyny 2 derejäniň aşagynda saklamakda öňde goýlan maksada ýetmek üçin ylalaşandygyny mälim etdi. Çingolani ýygnaklarda kömrüň ulanylyşyny azaltmak barada hem täze maksatlaryň öňde goýlandygyny belledi. Käbir ýurtlar 2025-nji ýyla çenli kömrüň ulanylyşyny dolulygyna aradan aýyrmagy meýilleşdirýär. Käbir ýurtlar bolsa howa üçin zyýanly hasaplanýan bu ýangyjyň öndürilişini we sarp edilişini tapgyrlaýyn azaldar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Italiýanyň Rim şäherinde G20 ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň we hökümet baştutanlarynyň sammiti geçiriler.