ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalary «Apple», «Microsoft» we «Alphabet» şu ýylyň aprel-iýun aralygyndaky ykdysady görkezijilerini ýaýratdylar. Degişli döwürde bu kompaniýalaryň girdejileriniň we peýdalarynyň artandygy görünýär.
Ýylyň ikinji çärýeginde «Apple»-iň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 36 göterim ýokary bolup, 81,4 milliard dollara ýetipdir. 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde kompaniýa 59,7 milliard dollar girdeji gazanan eken. Kompaniýanyň geçen ýylyň aprel-iýun aýlaryndaky 11,3 milliard dollar bolan arassa peýdasy 93 göterim ýokarlanyp, 21,7 milliard dollara ýetipdir. Tehnologiýa ägirdiniň her bir paýnamasynyň bahasy 0,65 dollardan 1,30 dollara çykypdyr.
Hasabat döwründe «Apple»-iň smartfon we planşet satuwy degişlilikde 50 hem-de 12 göterim köpelipdir. Kompaniýa «iPhone» satuwyndan 39,6 milliard dollar, «iPad» satuwyndan 7,4 milliard dollar gazanypdyr. Bu döwürde «Mac» kompýuterleriniň satuwy 16 göterim artyp, 8,2 milliard dollar girdeji getiripdir.
Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan «Microsoft» kompaniýasynyň girdejisi 21 göterim artyp, 46,2 milliard dollara ýetipdir. Degişli döwürde kompaniýanyň arassa peýdasy 47 göterim artyp, 16,5 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýyl bu görkeziji 11,2 milliard dollar bolupdyr.
«Google»-a eýeçilik edýän «Alphabet» konglomeratynyň şu ýylyň ikinji çärýegindäki girdejisi 62 göterim ýokarlanyp, 61,9 milliard dollara ýetipdir. Garaşylandan ýokary girdeji gazanan kompaniýa 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde 38,3 milliard dollar girdeji alypdyr. Girdejisiniň uly bölegini mahabatlardan alýan kompaniýa arassa peýdasyny 166 göterim köpeldip, 18,5 milliard dollara ýetiripdir.