Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň iň naýbaşy sport görnüşi bolan ýeňil atletika ýaryşlary düýn başlapdy. Şu gün şol ýeňil atletikanyň iň esasy bäsleşigi bolan 100 metre ylgamakda zenanlaryň arasynda çempion üýtgemedi. Münberiň üç basgançagyny-da ýamaýkalylar eýeläp, Elaýne Tompson Herah altyn medaly gazandy. 10,61 sekuntda pellehana gelen Tompson 2016-njy ýylda Rioda hem altyn medaly eýeläpdi. Onuň görkezen 10,61 sekuntlyk netijesi Olimpiýa rekordyna deň boldy. Bu ugurda bassyr 4-nji gezek ýamaýklylar altyn medaly eýeläp, 2008 we 2012-niň çempiony Şelli-Enn Fraýzer-Praýs 2-nji gezek kümüş medala mynasyp boldy. Bürünç medaly başga bir ýamaýkaly Şerika Jekson gazandy.