Ukrainanyň futbol ýygyndysynyň tälimçisi Andreý Şewçenko wezipesini taşlady. Ol bu barada twitter hasabyndan: “Federasiýa bilen 5 ýyllyk şertnamam tamamlandy. Häzirki zaman futbolyny oýnatmak kyn işdi. Ýöne başarmak üçin elimizden geleni gaýgyrmadyk. Hemmelere minnetdar” diýip, gürrüň berdi. Şewçenkonyň tälimçiliginde Ukrainanyň ýygyndysy Euro 2020-de çärýek finala çykypdy. 2016-njy ýylda milli ýygyndynyň tälimçiligine bellenen ozalky ýyldyz futbolçy ilkinji tälimçilik tejribesini başdan geçirdi. Onuň ornuna belleniljek täze tälimçi öňümizdäki günlerde mälim bolar.