Dünýädäki iň uly buzluklaryň bar ýeri bolan Grenlandiýada rekord mukdarda buzluk eredi. Global maýylganlyk sebäpli buzlaryň eremegi planetamyzyň ekologik deňagramlylygyny bozýar we suw derejesiniň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Alymlar buzlary halas etmegiň ýollaryny gözleseler-de, buzluklaryň eremegi dowam edýärler. Geçen hepdäniň çarşenbe güni Grenlandiýada has köp buzuň erädigi hasaba alyndy. Gözlegçiler bu buzuň eremeginiň 1950-nji ýyldan bäri üçünji uly buzluk ereýişdigini mälim etdiler. Hasaba alnan beýleki iki waka 2012-nji  we 2019-njy ýyllarda bolup geçipdi. Alnan maglumatlara görä, 22 gigaton (22,000,000,000 tonna) buz bir günde eräpdir. Bu mukdaryň 12 gigatonynyň ummana akýandygy, 10 gigatonyň bolsa, gyşyň gelmegi bilen gaýtadan doňup bilýän ýerlerde galandygy mälim edildi. Alymlar Grenlandiýadaky ereýän buzluk Antarktidadan soň dünýäde ikinji orunda durýar. Bu soňky birnäçe ýylda görlen global deňiz derejesiniň 25% -ini emele getirýär diýlip çaklanylýar.