Tokio 2020-niň çäklerinde badminton boýunça erkekleriň arasyndaky ýekeleýin ýaryşda hytaýlylaryň üstünligini daniýaly badmintonçy Wiktor Akselsen soňlandyrdy. Ol finalda Rio 2016-nyň çempiony Çen Luny 2:0 hasabynda ýeňip, altyn medala mynasyp boldy. Akselsen Rio 2016-da ýarym finalda Çen Lundan asgyn gelipdi. Akselsen Rio 2016-da bürünç medal ugrundaky duşuşykda 2008 we 2012-nji çempiony Lin Dany ýeňip, münberiň üçünji basgançagyna çykypdy. Şeýlelikde, daniýaly badmintonçy soňky 3 Olimpiadada ýeňiş gazanyp bilen hytaýlylaryň bu ugurdaky üstünligini soňlandyrdy. Ol 1996-njy Poul-Ereik Hoýer Larseniň çempionlygyndan soň, Olimpiada altyn medala gazanan ikinji daniýaly badmintonçy boldy. Badminton boýunça Ýewropanyň iň öňdebaryjy ýurdy Daniýa hasaplanýar.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda-da indoneziýaly Antoni Sinisuka Gintig gwatemalaly Kewin Gordondan üstün çykdy.

Hytaýda giňden ýaýran milli sport görnüşleriniň biri hasaplanýan badmintondaky ýaryşlar tamamlanyp, 5 altyn medalyň ikisini hytaýlylara almak başartdy. Hytaýlylar bu gezek diňe ýekeleýin zenanlar hem-de garyşyk jübütleýin bäsleşiklerde altyn medala mynasyp boldy. Erkekleriň arasyndaky jübütleýin ýaryşda Hytaý Taýpeýli türgenler, zenanlaryň arasyndaky jübütleýin ýaryşda-da bu ugruň başga öňdebaryjysy hasaplanýan indoneziýalylar altyn medaly eýelediler.