Moskwada nusgawy ýazyjynyň 200 ýyllyk ýubileýini bellämäge doly taýýarlyk görülýär. Birinjiden, Turgenewiň Ostoženkadaky öý muzeýinde abatlaýyş işleri geçirilip, täzeden gapylaryny açar. Ikinjiden, 2018-nji ýylyň noýabryna çenli muzeýiň ýanyndaky ajaýyp seýilgähi abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu diňe paýtagty gök agaçlara büremäge çagyryş bolman, eýsem, Turgenewiň islegine laýyklykda, meýilleşdirilen çäredir. Seýilgähiň çäklerinde nusgawy ýazyjynyň öz romanlarynda we powestlerinde ýatlap geçen agaçlary oturdylar. Munuň üçin çynlakaý maddy binýat işe giriziler. Netijede, hakykatdan hem Turgenew bilen gönüden-göni baglanyşygy bolan seýilgäh emele geler.
Şeýlelikde, nusgawy ýazyjynyň söýgüli kaştan agajy Germaniýanyň Baden-Baden şäherinden getiriler. Ýazyjynyň dogduk depesi Spasskoýe-Lutowinowodan bolsa, gaýyň we arça agaçlary getirilip oturdylar. Her niçikde bolsa, 2018-nji ýylda Turgenewiň döredijiliginiň muşdaklarynyň üns merkezinde onuň muzeýi aýratyn ähmiýete eýe bolar. Onuň ekspozisiýasy ýubileýe çenli düýpli giňeldiler: multimediýa zaly, şeýle hem Turgenewiň romanlary esasynda ekranlaşdyrylan köp sanly filmlere tomaşa etmäge mümkinçilik berýän otag peýda bolar. Rus edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy 1818-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Orýol şäherinde dünýä inýär. Onuň eserleri Russiýanyň umumy bilim berýän mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasy bölegi bolup durýar. “Atalar we ogullar”, “Dworýan höwürtgesi” romanlary, “Asýa” powesti, “Mumu” hekaýasy we “Awçynyň ýazgylary” ýaly hekaýalar toplumy ýazyjynyň belli eserleridir. Ýazyjynyň döredijiligi rus edebiýatynyň ösüşine düýpli täsir edip, ХIХ asyrda Russiýada öňdebaryjy jemgyýetçilik aňynyň ösüşinde ägirt uly ähmiýete eýe bolupdyr.