23-nji iýulda başlan Tokio 2020 XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary HOK-yň prezidentiniň ýapyk diýip yglan etmeginden soň resmi ýagdaýda tamamlandy. Şeýlelikde, 16 günläp dowam eden eden tomusky Olimpiada ýapylyş dabarasyndan soň öz işini tamamlady. Tokionyň häkimi Ýuriko Koike Olimpiýa baýdagyny Tomas Baha berdi. Ol hem ony Parižiň häkimi Enn Hidalgo gowşurdy. Parižliler bolsa XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna doly taýýardyklaryny beýan edýän wideo şekil görkezip, Olimpiýa baýdagyny Eýfel diňiniň düýbünde geçirilen şowhunly dabara bilen kabul etdiler. Tokio 2020-niň ýapylyş dabarasanyň ahyrynda HOK-yň prezidenti Tomas Bah üstünlikli tamamlanan Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmeginde ýardam beren ähli ynsana özüniň çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Ol agyr günleri başdan geçirýän Ýer Şarynyň ýaşaýjylarynyň ýene-de sportuň daşynda bir bolup jemlenendigini belläp geçdi. Tokio 2020-niň uly üstünliklere beslenendigini, juda şowly tamamlanandygyny aýtdy. Şol sebäpli-de ol ýapon halkynyň bu başarnygyna doly buýsanmaga haklydygyny nygtady. Ol sözüniň ahyrynda ähli türgenleriň adyndan “Sagbol Tokio, sagbol Ýaponiýa” diýip, sözlerini tamamlady. Şondan soň bolsa Olimpiýa alawy söndürildi.