Uly üstünliklere beslenen we ýekşenbe güni tamamlanan Tokio 2020-de çeper gimnastika ýaryşlarynda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Sidneý 2000 Olimpiadasyndan bäri altyn medallary (ýekeleýin, toparlaýyn) russiýaly gimnastikaçylar hiç kime bermen gelýärdiler. Ýöne Tokioda iki altyn medaly-da russiýalylara almak başartmady.
Ýekeleýin ýaryşda ysraýylly gyz Linoý Aşram sähelçe tapawut bilen russiýaly Dina Awerinadan öňe saýlandy. Köpleriň pikirine görä, eminler bu ýerde azda-kände ýalňyşlyk goýberdi. Netijede, 2000-nji ýylda Ýuliýa Barsukowa, 2004-nji ýylda Alina Kabaýewa, 2008 we 2012-nji ýyllarda Ýewgeniýa Kanaýewa, 2016-njy ýylda-da Margarita Mamun dagydan soň, 2020-nji ýylda çempionyň ýurdy üýtgedi.
Edil şonuň ýaly toparlaýyn çeper gimnastika bäsleşiginde-de russiýaly gyzlara münberiň çür depesine çykmak başartmady. Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilenden bäri diňe 1996-njy ýylda medal gazanyp bilmedik russiýaly gimnastikaçylar 5 gezek altyn medal gazandy. Toparlaýyn ýaryşlarda öňe saýlanan bu gezek bolgarlar bolup, russiýaly gyzlar sähelçe tapawut bilen ikinji orny eýeledi. 3-nji ýeri-de ilkinji gezek italýanlar almagy başardy.