«Ford» kompaniýasy elektroulag eýeleri üçin benzin ysyny ýadyňa salýan hoşboý atyr «Mach-Eau»-y hödürledi. Amerikan awtoulag kompaniýasynyň wekilleriniň pikiriçe, «Olfiction» parfýumeriýa kompaniýasynyň wekilleri we britan parfýumerler jemgyýetiniň hünärmeni Pia Long bu üýtgeşik atyryň üstünde uzak wagtlap işlediler. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, benzaldegid bilen üsti doldurylan gök zenjebil, lawanda, geran we sandal agajyndan hoşboý ys döretdiler. Ol täze awtoulagyň içki böleginiň häsiýetli aýratynlyklary bilen birlikde badam ysyny we tekerleriň rezin ysyny ýada salýan hoşboý maddanyň ysyny berýär. Mustangyň hekaýasyny aýratyn hakydaňa getirmek üçin bedew atlary ýada salýan maddalar hem atyra goşuldy. Täze «Ford Mach-Eau» atyryny eýýäm onuň resmi web sahypasyndan sargyt edip bolýar. Ýatlap geçsek, elektrik krossoweri «Ford Mustang Mach-E»-niň ilkinji hödürlenişi 2019-njy ýylyň güýzünde bolup geçipdi.