Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mähriban okuwçylarymyzyň hem-de talyp ýaşlarymyzyň durmuşynyň iň eziz we süýji pursatlary bolan bilim alýan döwründe Watany söýmek, agzybirlik, dost-doganlyk, jebislik ýaly ajaýyp häsiýetleri, tutanýerliligi we erjelligi bilen üznüksiz okamagy, täze bilimleri özleşdirmegi, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy zerurdyr.
«Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygary baýdak edinip, geljegimiz bolan ýaşlaryň islän hünärleri boýunça bilim almaklary üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, olara kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ata Watanymyz, merdana halkymyz üçin taryhy wakalaryň, uly üstünlikleriň ýyly bolan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem paýtagtymyzda we welaýatlarda orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň onlarçasynyň gurlup, ulanmaga berilmegi bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimiziň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna, bu ugurda mümkinçilikleriň yzygiderli giňelýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşlarymyz biziň ýurdumyzyň geljegidir, şoňa görä-de, başlanjak okuw ýyly saýlap alan rowaçlyk we gülläp ösüş ýolumyz bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmek üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijileriniň täze nesliniň kemala gelmeginde nobatdaky ädim bolmalydyr.
Biziň döwletimiz bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berip, raýatlarymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň häzirki zaman dünýä ylmyny we tehnologiýalaryny, tebigat ylymlaryny, jemgyýeti öwreniş ylmyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny öwrenmek işine çekmäge ýardam edip, giň medeni we gumanitar gatnaşyklary höweslendirip, maýa goýumlarynyň geljegi has uly görnüşleriniň biri bolan bilim ulgamyna maýa goýumlaryny amala aşyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň geljegine goýulýan maýa serişdeleridir, halkymyzyň iň gymmatly strategik serişdesiniň – onuň intellektiniň üstüniň ýetirilmeginiň kepilidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.
Geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek biziň alyp barýan ähli özgertmelerimiziň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň binýady hökmünde bilim ulgamyny ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, ägirt uly maksatnamalaýyn işlerimiz depginli dowam etdirilýär.
Kabul eden döwlet we milli maksatnamalarymyzda kesgitlenen wezipeler, ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda orta bilim berýän mekdepler, çagalar baglary yzygiderli gurulýar. Ösen aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, döredijilik ukyply, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, işine ussat hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, täze ýokary okuw mekdepleri döredilýär, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, sanly serişdeler giňden peýdalanylyp, bilimiň mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Halkymyzy bagtly geljege alyp barýan milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriňizde uly üstünlik arzuw edýäris!
Şasenem Gurbanowa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Elektrik stansiýalary»
kafedrasynyň laboranty.