“Serie A”-da 11 ýyldan soň çempionlyk gazanan Italiýanyň “Inter” topary düzümine 2 futbolçy goşdy. Romelu Lukakuny “Çelsä”, Aşraf Hakimini-de PSŽ toparyna ugradan “Inter” iki oýunçysynyň hem öwezini doldy. Lukakunyň ornuna “Romanyň” bosniýaly hüjümçisi Edin Jeko, Hakiminiň deregine-de PSW-niň gollandiýaly sag gyraky goragçysy Denzel Damfris bilen şertnama baglaşdy. “Inter” 35 ýaşly Jekony tölegsiz, 25 ýaşly Damfrizi 12,5 million ýewro transfer etdi. Jeko 2, Damfris 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.

“Inter” tälimçisi Antonio Konte bilen hem ýoluny aýryp, onuň ornuna Simona Inzagini wezipä belläpdi.