Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýä ilatynyň dörtden bir bölegi ganazlykdan ejir çekýär. Demir ýetmezçiligini aradan aýyrmak üçin iýmit sanawyňa bu mikroelemente baý alty önümi goşmaly. Demir bedende kislorod daşamaga ýardam berip, immun ulgamynyň kadaly işlemegi üçin möhüm komponentdir. Demir ýetmezçiligi energiýanyň ýetmezçiligine, dowamly ýadawlyga we ýürek urmasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Ganazlykda aýaklaryň we elleriň derisiniň reňki öçýär, baş aýlanýar we kellagyry peýda bolýar. Demir ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin, iýmitiňize konserwirlenen pomidor, ysmanak, noýba, nohut we ýeralma goşmaly. Bu iýmitlerde 11 göterimden 44 göterime çenli demir bar. Mundan ozal demre baý iýmitleriň sanawy düzülip, onda sygyr eti, sygryň bagry, ýumurtga we gara şokolad bardy. Bu önümleri göwreli zenanlara, ýürek-damar ulgamynda keseli bolan hassalara, düwnük kesellilere iýmek maslahat berilýär.