Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­sy bi­len Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gel­je­gi bo­lan ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň sag­dyn ruh­ly, berk be­den­li, ylym-bi­lim­den ýü­ki ýe­tik, giň dün­ýä­ga­raýyş­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän ça­ga­lar bag­la­ry, umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep­ler, sport des­ga­la­ry yz­gi­der­li gur­lup, ula­n­ma­ga be­ril­ýär. Äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän bi­lim ojak­la­ryn­da ýaş ne­sil­le­ri­miz döw­re­bap de­re­je­de bi­lim al­ýar­lar. 2021-2022-nji okuw ýy­ly hem bar­ha go­laý­laş­ýar. Tu­tuş ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Kö­ne­ür­genç et­ra­byn­da hem tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýa­kyn­da biz Kö­ne­ür­genç et­rap bi­lim bö­lü­mi­niň mü­di­ri­niň orun­ba­sa­ry Aman­my­rat Ço­pa­now bi­len söh­bet­deş bo­la­ny­myz­da umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­ler­de tä­ze okuw ýy­ly­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da şeý­le gür­rüň ber­di:
– Kö­ne­ür­genç et­ra­byn­da umu­my bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň 49-sy bo­lup, olar­dan 4-si tä­ze gur­lan bi­lim ojak­la­ry­dyr. Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­la­n­ýan «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşyr­ýan öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ryn­dan ugur alyp, tä­ze okuw ýy­ly­ny my­na­syp gar­şy­la­mak ug­run­da şu gün­ler umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep­ler­de abat­la­ýyş iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Mek­dep­le­riň okuw otag­la­ryn­da, sport zal­la­ryn­da reňk­le­mek, olary tä­ze okuw ýy­ly­na bir­kem­siz taý­ýar­la­mak iş­le­ri ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de ber­jaý edil­ýär. Okuw­çy­la­ryň geç­ýän sa­pak­la­ry­nyň has-da tä­sir­li bol­ma­gy üçin synp otag­la­ry dür­li gör­kez­me es­bap­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan bi­lim ojak­la­ryn­da zy­ýan­syz­lan­dy­ryş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Mek­dep­le­riň gi­rel­ge­le­rin­de, okuw otag­la­ry­nyň her bi­rin­de sag­lyk bur­çu­nyň dö­re­dil­me­gi hem göz öňün­de tu­tul­ýar. Sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça fo­to­su­rat­ly ýat­la­ma­la­ryň go­ýul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şo­nuň ýa­ly hem mek­dep­le­riň daş-tö­we­rek­le­rin­de aras­sa­çy­lyk we aba­dan­laş­dy­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýanaşyk ýerlerdäki agaç­lar ti­mar­lan­ýar, agaç­la­ryň aşa­gy agar­dy­lyp, düýp­le­ri ýum­şa­dyl­ýar, dür­li gül-gül­zar­ly­ga ta­la­ba­la­ýyk ideg edi­lip, gök zo­lak­lar dö­re­dil­ýär. Tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­mek­de et­ra­by­myz­da­ky or­ta mek­dep­ler aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar. Et­rap hä­kim­li­gi­niň, Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň, şä­her we et­rap po­li­si­ýa bö­lü­mi­niň ýan­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň, et­rap bi­lim bö­lü­mi­niň jo­gap­kär iş­gär­le­rin­den dü­zü­len to­pa­ryň ag­za­la­ry mek­dep­le­riň tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­la­ny­şy bi­len ta­nyş­ýar­lar, taý­ýar­ly­gyň ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy bo­ýun­ça öz­le­ri­niň de­ger­li mas­la­hat­la­ry­ny ber­ýär­ler.
Şeý­le hem et­ra­by­myz­da mu­gal­lym­la­ryň aw­gust mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Her bir ugur bo­ýun­ça ge­çi­ri­len aw­gust mas­la­ha­tyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň çy­kyş­la­ry diň­le­nil­di. Edi­len çy­kyş­lar­da ge­çen okuw ýy­ly­nyň jem­le­ri­ne sel­jer­me be­ril­di, 2021-2022-nji okuw ýy­lyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň öň­le­rin­de du­ran mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Sa­pak­la­ry tä­ze­çe usul­lar­da gu­ra­mak, san­ly ul­ga­ma tap­gyr­la­ýyn geç­mek, okuw­çy­la­ra iň soň­ky za­ma­na­bap de­re­je­de bi­lim ber­mek bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ylym-bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­ba­tyn­da ka­bul eden ka­rar­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça hem gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Kö­ne­ür­genç et­rap bi­lim bö­lü­mi ta­ra­pyn­dan tä­ze okuw ýy­ly­na äh­li­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy 2021-2022-nji okuw ýy­ly­nyň üs­tün­lik­lere beslenmegine uly müm­kin­çi­lik be­rer.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň
Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň hü­när­me­ni.