Saglygy goraýyş ulgamynda täze üstünlikler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ilatymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy, halkymyzyň saglygyny berkitmek hem-de ýaş nesli ylymly-bilimli, sagdyn ruhly edip terbiýelemek döwlet syýasatynyň özenini düzýär.
Ýakynda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda taryhy ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyza hödürlenilen täze saglygy goraýyş desgalary bu baýrama ajaýyp toý sowgady boldy.
10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabatda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň dabaraly açylyş dabaralary geçirildi. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän bu döwrebap binalar innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, ilata ýokary hilli bejeriş-anyklaýyş hyzmatlaryny hödürlemäge doly taýýar edildi.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny giňeltmekde nobatdaky uly ädim boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde gurulýan bu saglyk merkezleri halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna we şahadatnamalaryna mynasyp bolup, ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň bütin dünýäde ykrarnama eýe bolýandygyny aýdyň subut edýär.
Saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeler bilen bir hatarda, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ýurdumyzyň raýatlary, şeýle hem köp sanly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Sergi meýdançasynda daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň ýokary we ýörite bilim berýän okuw mekdepleriniň, ministrlikleriň, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň diwarlyklary ýerleşdirilip, öňdebaryjy tehnologiýalar, täze işläp taýýarlamalar we innowasion çemeleşmeler giňden görkezildi. Sergä gatnaşan daşary ýurt kompaniýalary öz harytdyr hyzmatlaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar.
Halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny hemme zatdan ýokary tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Maral Kuliýewa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.