7-9-njy oktýabrda Hazar deňziniň türkmen kenarynda taryhy ähmiýeti bolan halkara çäreler geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu forumlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine we halkara hyzmatdaşlyga sarsmaz ynamyny ýene bir gezek bütin dünýä äşgär etdi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen syýasy, ekologik we durmuş ugurly meseleler boýunça giň gerimli maslahatlar hem-de duşuşyklar dostlukly ýurtlaryň arasynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder. Bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu ýokary derejedäki sammitlerde bitewi ykdysady giňişligi kemala getirmek, ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagy hem aýratyn bellärliklidir.
Bu ýerde geçirilen Hazar ekologiýa sammiti häzirki döwrüň möhüm ekologik meseleleriniň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin başlangyçlary öňe sürmäge gönükdirilen meýdança boldy. Teklip edilen çözgütler sebitde tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga ýardam eder. Ýurdumyzda geçirilýän şeýle ýokary derejeli sammitler, duşuşyklar, forumlar ata Watanymyzyň çuňňur many-mazmuna, sebit we ählumumy ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrülendigini görkezýär. Bu giň gerimli çäreler sebit we halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp, geljek üçin ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegine möhüm goşant goşar.
Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy suw hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we sebitara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça pikir alyşmak üçin açyk we konstruktiw meýdança öwrüldi. Bu duşuşykda sebitiň iri suw akabalary bolan Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň häzirki ýagdaýy, bar bolan meseleler we milli çemeleşmeler barada pikir alşyldy. Serhetüsti suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak, sebit döwletleriniň durmuş-ykdysady we demografik ösüşini nazara almak bilen suw serişdelerinden peýdalanmagyň usullaryny kämilleşdirmek, şeýle hem howanyň üýtgemegi şertlerinde suw pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, Seleksiýa we tohumçylyk boýunça halkara maslahat we «Semena» assosiasiýasynyň 28-nji mejlisiniň jemleri boýunça kabul edilen çözgütler tohumçylyk ylmyny mundan beýläk-de ösdürmäge, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de azyk howpsuzlygy ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga itergi berer.
Bu ýokary derejeli sammitler diňe bir sebitara meseleleri çözmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki halkara abraýyny täze basgançaga galdyrdy. Forumyň çäklerinde geçirilen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat hem-de «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji maslahat zenanlaryň diplomatiýadaky we parahatçylyk döretmekdäki ornuny dabaralandyrdy. Ýurdumyzda gender deňligini üpjün etmek, zenanlary hemmetaraplaýyn goldamak we olaryň kanuny hukuklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna çykaryldy. Ýurdumyzda zenanlaryň ykdysadyýete işjeň gatnaşmagyny höweslendirmäge aýratyn üns berilýär. Zenan telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem maliýe, bilim we sanly serişdelere deň elýeterliligiň üpjün edilmegi türkmen zenanlaryna innowasiýalaryň we durnukly ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup çykyş etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki ählumumy şertlerde parahatçylygy we durmuş durnuklylygyny üpjün etmekde hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň orny uly ähmiýete eýe bolýar. Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde medeni çäreleriň eýeleýän orny örän uludyr.
Hazaryň jana şypaly kenary GDA agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwaly üçin ajaýyp meýdança öwrüldi. Bu ýerde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşan ýurtlar milli aşhana sungatyny, myhmansöýerlik däplerini tanyşdyrmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçirilen «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşigi sebitde medeni hyzmatdaşlygy berkitmäge itergi berer. Bäsleşikde Özbegistan Respublikasyndan Amina Mahmudowa ýeňiji bolup, oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Zeekr 9X» awtoulagy sowgat berildi. Bellemeli zat, bu abraýly bäsleşigiň ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hakyky merkezine öwrülendigini tassyklaýar.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen giň gerimli sammitler, maslahatlar we medeni dabaralar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we oňyn Bitaraplyk syýasatynyň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bu çäreler sebitde durnuklylygy üpjün etmek bilen bir hatarda, dostlukly halklaryň arasyndaky ynamy we medeni köpdürlüligi täze derejä göterdi.

Orazjemal Öwezowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.