Ama­zon to­ka­ýy Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň Ama­zon bas­seý­ni­niň köp bö­le­gi­ni öz içi­ne al­ýan Ama­zon bio­myn­da ýer­leş­ýän çyg­ly, giň tro­pi­ki to­kaý­dyr. Şo­lar­dan 5 mil­li­on 500 müň ine­dör­dül ki­lo­met­ri to­kaý­lyk bi­len ör­tü­len­dir. Bu se­bit do­kuz ýur­da de­giş­li we res­mi taý­dan yk­rar edi­len 3 müň 344 ki­lo­metr meý­da­ny öz içi­ne al­ýar. To­ka­ýyň 60 gö­te­ri­mi Bra­zi­li­ýa­da, 13 gö­te­ri­mi Pe­ru­da, 10 gö­te­ri­mi Ko­lum­bi­ýa­da we ga­lan bö­le­gi Bo­li­wi­ýa, Ek­wa­dor, Fran­si­ýa Gwia­na­sy, Ga­ýa­na, Su­ri­nam we We­ne­sue­la ýa­ly ýurt­lar­da ýer­leş­ýär. Ama­zon pla­ne­ta­nyň ýa­gyş to­kaý­la­ry­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny eme­le ge­tir­ýär. Bu ýer­de, tak­my­nan, 390 mil­liard gör­nüş­li ösüm­lik ýe­tiş­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, bu ýer­de res­mi taý­dan yk­rar edi­len 350 dür­li et­nik to­par­lar­dan yba­rat 30 mil­li­on­dan gow­rak adam ýa­şa­ýar. Ýer­li halk­lar umu­my ila­tyň 9 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Bu jeň­ňel­de Ýer ýü­zün­de bel­li ösüm­lik­le­riň 40 müň, ba­lyk­la­ryň 3 müň we süý­re­ni­ji­le­riň 370-den gow­rak gör­nü­şi bar. Bu ýer­de tä­sin jan­dar­la­ra hem duş­mak müm­kin. Şeý­le jan­dar­la­ryň bi­ri Ama­zon to­kaý­ly­gyn­da süý­ji suw ba­ly­gy ha­sap­lan­ýan pi­ra­pu­tan­ga ba­ly­gy­dyr. Pi­ran­ha maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan bu ba­lyk suw ýyr­ty­jy­sy hök­mün­de ta­nal­ýar. Be­de­ni­niň uzyn­ly­gy, tak­my­nan, 15 san­ti­met­re, ag­ra­my 3,9 ki­log­ra­ma ba­ra­bar­dyr. Ýi­ti diş­li bu ba­ly­gyň eňe­gi güýç­li myş­sa­lar bi­len he­re­ket ed­ýär. Ba­ly­gyň maý­myn­lar­dan öw­re­nen bir «en­di­gi» bar. Maý­myn­la­ryň su­wuň ke­na­ryn­da ösüp ýe­tiş­ýän mi­we­li ýa­ba­ny aga­jyň bir şa­ha­syn­dan beý­le­ki şa­ha­sy­na bö­küp iý­mit­len­ýän­di­gi­ni syn­la­ýan pi­ra­pu­tan­ga ba­ly­gy olar gi­de­nin­den soň­ra aşak sal­lan­ýan şa­ha­la­ra ta­rap, tak­my­nan, 20-30 san­ti­metr bök­ýär we aga­jyň mi­we­le­ri bi­len iý­mit­len­ýär. Bu bol­sa onuň Ýer ýü­zün­de ýe­ke-täk ýe­rüs­ti ir-iý­miş­ler bi­len iý­mit­len­ýän uzak ara­ly­ga bök­mä­ge ukyp­ly ba­lyk­dy­gy­ny gör­kez­ýär. nyň ýe­rüs­ti aw po­ten­sia­ly su­wuň aý­dyň­ly­gy­na bag­ly­dyr. Ol suw nä­çe aras­sa bol­sa, şon­ça-da iý­mi­ti ta­kyk gör­ýär. Pi­ra­pu­tan­ga ba­lyk­la­ry­ny tut­mak ga­ty kyn. Eti ta­gam­ly we iý­mit hök­mün­de howp­suz ha­sap­lan­ýan bu ba­lyk bi­şi­ri­len­de reň­ki bir­ne­me gy­zy­la öw­rül­ýär. Pi­ra­pu­tan­ga ba­lyk­la­ry hä­zir­ki wagt­da ýö­ri­te hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan go­ra­lyp, kö­pel­dil­ýär.