Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Gyrgyz Respublikasyndan, Serbiýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Owganystandan, Türkiýeden, Täjigistandan, Şweýsariýadan, Azerbaýjandan, Ukrainadan we Gazagystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropilen önümlerini, awiakerosini satynaldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli nah ýüplügi satyldy. Şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köki we kök baldaklary satyn alyndy.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 712 müň 100 dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdesine BAE-den we Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 39 million 270 müň 500 manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy ABŞ-nyň 541 müň 400 dollaryna barabar hem-de 3 million 700 müň manatlyk polipropilen önümlerini we portland sementi satyn aldylar.