Hä­zir­ki wagt­da ho­wa­nyň de­re­je­si­niň üýt­ge­me­gi adam be­de­ni­ne zy­ýan­ly tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bil­ýär. Bu dö­wür­de aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ne berk eýer­mek örän wa­jyp­dyr.
Ýa­pyk ýer­ler­de, yzy­gi­der­li ýe­le­ji­re­dil­me­ýän otag­lar­da adam­lar agyz-bu­run ör­tük­li bol­sa­lar hem, gep­le­şi­len­de, as­gy­ry­lan­da, üs­gü­ri­len­de, eme­le gel­ýän ae­ro­zol­lar – mik­ro­dam­ja­lar ho­wa­da bir­nä­çe mi­nut­dan bir­nä­çe sa­ga­da çen­li sak­la­nyp bil­ýär. Şeý­le ýag­daý­da ke­se­liň ýo­kuş­mak how­pu­ny pe­selt­me­giň iň yg­ty­bar­ly usu­ly el­my­da­ma, hat­da adam­syz ota­ga gi­ri­len­de hem agyz-bu­run ör­tü­gi­ni da­kyn­mak­dyr.
Ör­tük ke­se­le gar­şy ne­ti­je­li se­riş­de bol­sa-da, 2 metr howp­suz ara­ly­gy sak­la­mak we şah­sy aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek bi­len ut­gaş­dy­ryň! Se­bä­bi adam üs­gü­ren­de, as­gy­ran­da ýa gep­län­de, ho­wa dam­ja­la­ry 2 met­re çen­li ara­ly­ga çalt­lyk bi­len ýaý­ra­ýar, şol se­bäp­den köp­çü­lik ýer­le­rin­de bi­rek-bi­rek­den howp­suz ara­ly­gy sak­la­mak mö­hüm­dir.

Şah­sy aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý ediň!
El ýuw­mak peý­da­ly en­dik bo­lup, bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Se­bä­bi dür­li ke­sel dö­re­di­ji wi­rus­lar, bak­te­ri­ýa­lar el­de top­lan­ýar we el­län za­dy­myz ar­ka­ly be­de­ne düş­ýär. Ha­jat­ha­na­dan soň, na­har iý­mez­den öň, da­şar­da öýe gel­nen­de eli­ňi sa­byn bi­len ma­za­ly ýuw­ma­ly. El ýu­wul­ma­dyk ha­la­tyn­da adam be­de­ni­niň ke­se­le gar­şy gö­reş uky­by, ýag­ny im­mu­ni­te­ti ke­sel dö­re­di­ji­ler bi­len gö­reş­ýär. Be­den gow­şan ýag­da­ýyn­da ha­pa eliň ke­sel­le­ri ha­sap­lan­ýan ýo­kanç­la­ryň bir­to­pa­ry­nyň ýo­kuş­ma­gy äh­ti­mal. Ola­ra iý­mit zä­her­len­me­si, ýi­ti içe­ge ýo­kanç ke­sel­le­ri, ýi­ti res­pi­ra­tor wi­rus ýo­kanç­la­ry, so­gul­jan­la­ryň dö­red­ýän dür­li sö­kel­lik­le­ri de­giş­li­dir.

Daş-tö­we­re­gi­ňi­zi tä­miz sak­laň!
Öýüň­iz­de we iş ýer­le­ri­ňiz­de ota­gyň içi­ni yzy­gi­der­li ýe­le­ji­re­dip, zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­ler bi­len aras­sa­lap du­ruň! Bu düz­gün­le­ri ber­jaý et­mek bi­len, siz di­ňe bir öz sag­ly­gy­ňy­zy däl, eý­sem, tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki­le­riň hem sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär­si­ňiz.
Ör­tük – agyz we bu­run nem­li bar­da­la­ry­ny ho­wa-dam­ja­la­ýyn ýol­lar bi­len ge­çip bil­ýän ýo­kanç­la­ryň düş­me­gin­den go­ra­ýan ýö­ne­keý se­riş­de­dir. Em­ma, ha­ky­kat­dan-da, go­ran­mak üçin ör­tü­gi dog­ry peý­da­lan­mak­ örän wa­jyp­dyr.

Ör­tük nä­hi­li da­kyl­ma­ly?
Ör­tük da­kyn­maz­dan ozal eli­ňi­ziň aras­sa bol­ma­gy­na üns be­riň, sa­byn bi­len ýu­wuň ýa-da ýö­ri­te gel bi­len aras­sa­laň! Ze­per ýe­ten ýa-da çyg ör­tü­gi da­kyn­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Bir ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen ýö­ri­te ör­tük­le­riň me­tal gy­sy­jy­sy­ny ýo­kar­ly­gy­na ýer­leş­dir­me­li we me­tal bö­le­gi bur­nuň da­şyn­dan gy­syp sak­lar ýa­ly eg­relt­me­li. Ör­tük bur­ny we eňe­gi­ňi ýap­ma­ly! Kim­dir bi­ri bi­len gep­leş­mek üçin ör­tü­gi­ňi­zi aýyr­mak, da­ky­nan ör­tü­gi­ňi­zi el­le­me­jek mas­la­hat be­ril­me­ýär! Bir ge­zek­lik ör­tük­le­ri 2-3 sa­gat­dan çal­şyp dur­ma­ly.
Eger ör­tü­ge çyg de­gen bol­sa ýa-da ze­per ýe­ten bol­sa, ba­da-bat çal­şyň!
Ör­tü­gi aras­sa eli­ňiz bi­len hal­ka­syn­dan tu­tup aý­ryň!