Kenarýaka futboly boýunça Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilen 21-nji Dünýä Kubogy tamamlandy. Ýaryşda Russiýanyň kenarýaka futbolçylary çempionlyk gazanyp, olar finalda Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 5-2 hasabynda üstün çykdy. Ruslara ýeňiş getiren gollary Zemskow (4), Kraşeninnikow (13, 34), Nowikow (15) hem-de Paporotnyý (19) derwezä girizdi. Ýaponlaryň iki goluny-da Akaguma öz adyna ýazdyrdy (13, 17 p). Şeýlelikde, Russiýanyň ýygyndysy 2011-nji we 2013-nji ýyllardan soň 3-nji gezek Dünýä Kubogyny gazandy.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda Şweýsariýanyň ýygyndysy Senegalyň ýygyndysyny 9-7 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Şweýsariýadan Hodel, Senegaldan Diatta 3 gezek tapawutlandy.

16 ýygyndynyň gatnaşan çempionatynyň iň ökde oýunçysy diýlip, şweýsariýaly Noel Ott saýlandy. Onuň topardaşy Glenn Hodel 12 gol geçirip, çempionatyň iň netijeli oýunçysy boldy. Şweýsariýanyň derwezesiçisi Eliott Mounud “Altyn ellik” baýragy bilen sylaglandy.