Tokio uniwersitetiniň alymlary otagyň islendik ýerinde enjamlara zarýad berip biljek ulgam döretdiler. Ulgam otagyň diwarlaryna gurlan ýörite kondensatorlaryň kömegi bilen işleýär. Şol sebäpli üç ölçegli magnit meýdany döredilýär. Otagdaky enjamlara dakylýan kabul ediji rulonlar, telefon bolsun, lampa bolsun, bu magnit meýdany kabul edip, energiýa alyp biler. 3 x 3 x 2 metr ululykdaky otagda synagdan geçirilende, otagyň göwrüminiň 98% -de azyndan 50% energiýa geçirijiliginiň bardygyny anykladylar. Otagyň galan iki göteriminde-de signal gaty gowudy we 37% -den aşak düşmedi. Hünärmenleriň pikiriçe, çykyş güýji 50 wat ýa-da ondan hem ýokary boldy. Hünärmenler bu tehnologiýanyň mebellerde, diwar panellerinde, şeýle hem ýöriteleşdirilen binalarda (mysal üçin zawodlarda) ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar. Bu bolsa, hemme ýere kabel goýmazdan enjamlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.