2-4-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa­nyň Wla­di­wos­tok şä­he­rin­de Uzak Gün­do­gar fe­de­ral uni­wer­si­te­ti­niň çä­gin­de VI Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­my gu­ra­lýar. Bu ba­ra­da «Roskong­ress»-iň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ge­ňeş­çi­si, Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry An­ton Kob­ýa­ko­wyň bel­leý­şi ýa­ly, Wla­di­wos­tok­da guraljak Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­my Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­tin­de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­sir­li gu­ral­dyr.
2020-nji ýyl­da COVID-19 pan­de­mi­ýa­sy se­bäp­li VI Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­my ge­çi­ril­me­di. Bu fo­rum Uzak Gün­do­ga­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek we Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­tin­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň 2015-nji ýy­lyň 19-njy ma­ýyn­da çy­ka­ran Ka­ra­ry bi­len dö­re­dil­di. Ka­ra­ra la­ýyk­lyk­da, Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­my her ýyl Wla­di­wos­tok şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýär.
Fo­rum çä­re­le­ri adat­ça mas­la­hat­lar, te­ge­lek stol­lar, te­le­çe­kiş­me­ler, er­tir­lik na­ha­ry we Rus­si­ýa­nyň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry­na ba­gyş­la­nan biz­nes-gep­le­şik­le­ri gör­nü­şin­de ge­çi­ril­ýär. Fo­ru­myň iş me­ýil­na­ma­sy, Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň öň­de­ba­ry­jy hyz­mat­daş ýurt­la­ry, şeý­le-de Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da iş­jeň ös­ýän ýurt­la­ryň esa­sy in­teg­ra­si­ýa to­pa­ry bo­lan ASEAN bi­len işe­wür gep­le­şik­le­ri öz içi­ne al­ýar.
«Ros­kong­ress» gaz­na­sy – kong­res­ler, ser­gi­ler, işe­wür­lik, jem­gy­ýet­çi­lik, sport we me­de­ni çä­re­ler üçin so­si­al taý­dan gö­nük­di­ri­len ma­li­ýe däl eda­ra­dyr. Bu gaz­na 2007-nji ýyl­da Russiýanyň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­rini ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. Gaz­na do­lan­dy­ry­şy üp­jün edip, işe­wür­lik tas­la­ma­la­ry­ny öňe sür­mä­ge, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mä­ge, te­le­ke­çi­lik we ha­ýyr-sa­ha­wat tas­la­ma­la­ry­nyň ös­me­gi­ne iş­jeň ýar­dam ber­ýär. Gaz­na­nyň we­kil­le­ri­niň gu­ra­ýan çä­re­le­ri dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­dan we se­bit­le­rin­den gat­na­şy­jy­la­ry, hünärmenleri we ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu fo­rum ar­ka­ly dün­ýä­niň köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­le­ri, se­na­gat­çy­la­ry hem-de ma­li­ýe, söw­da we işe­wür bir­le­şik­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy.
Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň met­bu­gat gul­lu­gy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu mas­la­ha­ta 60-dan gow­rak döw­le­tden 4 müň wekil gatnaşar. «Öz­ge­rip du­ran dün­ýä­de Uzak Gün­do­ga­ryň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri» – häzirki fo­ru­myň esa­sy mow­zu­gydyr.
Mun­dan öň, 2-5-nji iýun ara­ly­gyn­da XXIV Sankt-Pe­ter­burg hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­my ge­çi­ri­lip, oňa 10 müňden gowrak adam gat­na­şyp, 800 tö­we­re­gi şert­na­ma bag­la­şyl­dy.