Gün elektrik energiýasynyň Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň öndürýän umumy elektrik energiýasyndaky paýy, 2021-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda 10 göterime ýetip, iň ýokary derejedir. Bu barada energiýa boýunça seljeriş merkezi «Ember» habar berdi. Energetika merkezi «Ember»-iň täze seljermesinde, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda Gün panelleriniň Ýewropa Bileleşiginiň 27 ýurdunda ilkinji gezek elektrik energiýasynyň ondan bir bölegini öndürendigi bellenilýär.
Mundan başga-da, ÝB-niň ýedi ýurdunda iýun-iýul aýlarynda Gün panelleriniň öndüren elektrik energiýasynyň paýy 10 göterimden geçdi. Sanawda Niderlandlar (17%), Germaniýa (17%), Ispaniýa (16%), Gresiýa (13%) we Italiýa (13%) bar. ÝB-niň sekiz ýurdunda bolsa Gün energiýasyny öndürmek boýunça rekord goýuldy.
Wengriýa 2018-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Gün energiýasyndaky paýyny dört esse, Niderlandlar we Ispaniýa bolsa iki esse artdyrdy. Estoniýa we Polşa Gün energiýasynyň degişlilikdäki 10% we 5% paýyny 2018-nji ýylda noldan diýen ýaly gazandy.
«Ýewropada Gün energiýasy boýunça rekord tomus möwsüminde gazanylsa-da doly ýokary derejä çykyp bilmedi. Gün energiýasynyň bahasy soňky on ýylda arzanlansoň, Ýewropada Gün energiýasy pudagynda ösüşiň alamatlaryny görýäris. Şeýle-de bolsa, Gün gazylyp alynýan ýangyç serişdelerine garanyňda, has köp energiýa bermezden öň, has uzak ýoly geçmeli bolar» diýlip, «Ember»-iň bilermeni Çarlz Muruň sözleri getirilýär.
Şunuň bilen birlikde, hatda, tomsuň jokrama yssy günlerinde hem Gün panelleri Ýewropanyň kömür bilen işleýän elektrik stansiýalaryna garanyňda, has az elektrik energiýasyny öndürýär. Seljeriş merkeziniň wekilleriniň pikirine laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak boýunça maksatlaryna ýetmegi üçin Gün energiýasy önümçiliginiň ýyllyk ösüşini iki esse artdyrmalydyr.