Ýaponiýada dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) başlygynyň saýlanmagyna gözegçilik etmek baradaky topar degişli ses berişligiň 29-njy sentýabrda geçiriljekdigini habar berdi. Bu barada ýurduň NHK teleýaýlymy habar berdi. Mundan ozal, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga saýlawlara gatnaşmak niýetiniň bardygyny mälim edipdi. Ýosihide Suga diňe şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli hökümet başlygy wezipesini ýerine ýetirýär. Ol ýeňiş gazanan halatynda, üç ýyl möhlet bilen Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) başlygy bolar.
Geçen ýyl saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden duýdansyz giden Sindzo Abeniň ornuna gelen Ýosihide Suga, sekiz ýyla golaý Ministrler Kabinetiniň baş sekretary bolup işledi we metbugat wekilleri üçin niýetlenen maslahatlarda hökümetiň syýasatyny düşündirip çykyş etdi.